Ýermeýa
49 Ýehowa ammonlar+ barada şeýle diýýär:
«Ysraýylyň ogly ýokmy?
Onuň mirasdüşeri ýokmy?
Malkam+ näme üçin Gad+ topragyny basyp aldy?
Onuň halky näme üçin Ysraýylyň şäherlerinde ýaşady?»
Ol daş üýşmegine öwrüler,
Onuň töweregindäki galalar oda ýakylar.
Ysraýyl özüni basyp alan duşmanlarynyň ýurduny eýelär+ — muny Ýehowa aýdýar.
3 Heşbon, ahy-nala çek! Sebäbi Aý şäheri weýran edildi.
Aglaň, Rapanyň töweregindäki galalar! Jul* geýniň,
Daşdan örülen agyllaryň arasynda elewräp, zar-zar aglaň.
Sebäbi Malkam, onuň ruhanylary,
Han-begleri sürgün ediler+.
4 Eý biwepa gyz! Näme üçin jülgeleriňe,
Bol suwly sähralaryňa buýsanýarsyň?
Baýlygyňa daýanyp:
„Maňa garşy çykmaga kim milt eder?“ diýýärsiň».
5 «Men goňşy ýurtlardan üstüňe bela getirerin».
Muny Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
«Seni dumly-duşa dargadaryn.
Gaçyp giden adamlary hiç kim ýygnap bilmez.
6 Emma men ýesirlige düşen ammonlary ýygnaryn.
Muny Ýehowa aýdýar».
7 Edom hakda Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:
«Teýmanyň+ akyly ýokmy?
Düşünjeli adamlaryň maslahaty gutardymy?
Danalygy biderek boldumy?
8 Eý Dedan+ ilaty, yzyňyza öwrüliň, gaçyň!
Aşak inip, buky ýerlerde ýaşaň!
Ysawy jezalandyrjak günüm gelende,
Onuň başyna betbagtçylyk indererin.
9 Üzümçiler seniň ýanyňa gelenlerinde,
Birki salkym galdyrmazmy?
Ogrular gije gelende,
Islän zadyny almazmy?+
10 Men Ysawyň eşigini sypyraryn.
Ol bukulyp bilmez,
Gizlenýän ýerlerini mälim ederin.
Ogul-gyzlary, dogan-garyndaşlary,
Goňşy-golamlary ýok ediler+.
Onuň özi hem weýran ediler+.
11 Ýetimleri goýup gidiň,
Men olary diri galdyraryn.
Dul hatynlaryň maňa bil baglar».
12 Ýehowa şeýle diýýär: «Höküm edilmedik halklar hem gazap käsämden içýän bolsa, onda siz temmisiz galaryn öýdýärsiňizmi? Gazap käsämden hökman içersiňiz+, temmisiz galmarsyňyz.
13 Öz adymdan ant içýärin — muny Ýehowa aýdýar. — Bosra elhenç hala düşer+, derbi-dagyn ediler, ýaňsylanar, näletlener. Ähli şäherleri hemişelik weýran ediler»+.
14 Ýehowa meniň bilen gepleşdi,
Halklara iberilen habarçy şeýle jar çekdi:
«Toplanyň, Edoma hüjüm ediň!
Söweşe taýýar boluň!»+
15 «Seni halklaryň arasynda peseltdim.
Olaryň öňünde kemsitdim+.
16 Milletleri gorkuda sakladyň,
Tekepbir bolup, öz-özüňi aldadyň.
Sen gaýanyň jaýryklarynda ýaşaýarsyň,
Beýik baýyrda mesgen tutýarsyň.
Bürgüt kimin kert gaýalarda höwürtge ýasasaň-da,
Men seni aşak düşürerin — muny Ýehowa aýdýar.
17 Edom elhenç hala düşer+. Onuň deňinden geçen her kes haýran galyp sereder we düşen ýagdaýyny görüp, sykylyk çalar*. 18 Weýran bolan Sodom, Gomorra we olaryň daş-töweregindäki galalar ýaly+, Edomda hem hiç kim ýaşamaz, janly-jemende galmaz+ — muny Ýehowa aýdýar.
19 Duşman Iordanyň gür baglarynyň içinden çykan ýolbars kimin+ öri meýdandaky sürä topular. Men ony* ýurtdan kowup çykararyn. Saýlan kişimi ýurduň üstünden hökümdar edip goýaryn. Maňa taý geljek barmy? Maňa garşy çykmaga kim milt eder? Haýsy çopan garşyma çykyp biler?+ 20 Şonuň üçin, eý halaýyk, Ýehowanyň Edom hakdaky kararyny*, Teýman+ ilaty baradaky niýetini eşidiň:
„Owlak-guzularyny sürüp äkiderler,
Halkyň derdinden ýaňa ýurt çolaryp galar+.
21 Olar ýykylarlar, gürpüldisinden ýaňa ýer ýüzi sarsar.
Goh-galmagal turar,
Olaryň sesi Gyzyl deňze+ ýeter.
Şol gün Edom esgerleri,
Çaga dogurýan aýal kimin ejizlär“».
23 Damask+ hakyndaky habar:
«Hamat+ bilen Arpat aňk-taňk boldy,
Sebäbi olar erbet habar eşitdi.
Gorkudan ýaňa ysgyny gaçdy.
Deňizde turan tupan köşeşmedi.
24 Damasgyň güýç-kuwwaty galmady.
Ol gaçmak isledi, ýöne aljyrap, gaçyp bilmedi.
Çaga dogurýan aýal kimin
Dert hem azap çekdi.
25 Şan-şöhratly şäherden näme üçin gaçmadylar?
Beýik şäherden näme üçin çykmadylar?
26 Ol gün goç ýigitleriň jesetleri köçelerde çaşyp ýatar,
Esgerler gyrlar — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
27 Damasgyň diwarlaryny otlaryn,
Benhadatyň berk diňlerini ot ýalmap ýuwudar»+.
28 Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* weýran eden Kedar+ we Hasor patyşalyklary barada Ýehowa şeýle diýýär:
«Turuň, Kedara hüjüm ediň,
Gündogar halklaryny ýok ediň.
29 Olaryň çadyrlaryny, mal-garasyny,
Çadyrlarynyň matalaryny, ähli baýlygyny alarlar.
Düýelerini sürüp äkiderler.
Adamlar: „Daş-töwerek gorkunç!“ diýip gygyryşarlar.
30 Gaçyň, uzaklara gaçyň!
Hasoryň ilaty, bukularda ýatyň — muny Ýehowa aýdýar.
Sebäbi Wawilon patyşasy Nawuhodonosor
Sizi basyp almagyň küýüne düşdi.
Ol size hüjüm etmegi ýüregine düwdi.
31 Turuň, parahat ýaşaýan millete,
Asuda ýaşaýan halka garşy çykyň! — Muny Ýehowa aýdýar.
Onuň ne gapysy bar, ne-de kilti. Olar aýry ýaşaýarlar.
32 Olaryň düýeleri talanar,
Ähli mal-garasy olja alnar.
Sakgalyny gyrkýanlary+
Ýeliň ugruna kowup dargadaryn.
Men olaryň başyna ähli ýerden betbagtçylyk indererin».
Muny Ýehowa aýdýar.
33 «Hasor şagallaryň sürenine,
Ebedilik harabaçylyga öwrüler.
Ol ýerde hiç kim ýaşamaz,
Janly-jemende galmaz».
34 Ýahuda patyşasy Sadykýaryň+ hökümdarlygynyň başlarynda Ýehowa Elam+ hakda Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: 35 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar: „Men Elamyň+ kuwwatynyň gözbaşy bolan ýaýy döwerin. 36 Men Elamyň üstüne ýeriň çar tarapyndan dört ýeli öwüsdirip, ýeliň ugruna kowaryn. Elamy ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasyna dargadaryn, onuň aýak basmadyk ýeri bolmaz“.
37 Men elamlary duşmanlarynyň, janynyň kastyna çykanlaryň öňünde derbi-dagyn ederin. Gahar donumy geýip, betbagtçylyk indererin — muny Ýehowa aýdýar. — Olaryň yzyndan gylyç ýollap, ählisini ýok ederin.
38 Men Elamda+ tagtymy dikerin, patyşasyny we han-beglerini öldürerin — muny Ýehowa aýdýar.
39 Emma men soňky günlerde Elamyň sürgün edilenlerini ýygnaryn». Muny Ýehowa aýdýar.