Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hyzkyl 12
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hyzkyl kitabynyň mazmuny

      • Halkyň sürgün ediljegi görkezilýär (1—20)

        • Sürgün ediljek halkyň goş⁠-⁠golamy (1—7)

        • Baştutan garaňkyda ýola düşer (8—16)

        • Çöregiňi gaýgy⁠-⁠alada bilen iý, suwuňy gorkup iç (17—20)

      • Nakylyňyz puja çykar (21—28)

        • «Aýdan her bir sözüm ýerine ýeter» (28)

Hyzkyl 12:2

Parallel aýatlar

  • +Işa 6:9, 10; Ýer 5:21; Rim 11:8
  • +Hyz 2:3, 5

Hyzkyl 12:4

Parallel aýatlar

  • +2Tr 36:20; Ýer 52:10, 11

Hyzkyl 12:5

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:4

Hyzkyl 12:6

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Ýeri; topragy.

Parallel aýatlar

  • +Işa 8:18; Hyz 4:3; 24:24

Hyzkyl 12:10

Parallel aýatlar

  • +Ýer 21:7; Hyz 21:25

Hyzkyl 12:11

Parallel aýatlar

  • +Hyz 24:24
  • +Ýer 52:15

Hyzkyl 12:12

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Ýeri; topragy.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:4; Ýer 39:4

Hyzkyl 12:13

Parallel aýatlar

  • +Ýer 52:9; Hyz 17:20, 21
  • +2Pa 25:6, 7; Ýer 34:3; 52:11; Hyz 17:16

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2017)», 5/2017, sah. 1

Hyzkyl 12:14

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:5
  • +3Ms 26:33; Ýer 42:15, 16

Hyzkyl 12:18

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:26

Hyzkyl 12:19

Parallel aýatlar

  • +Zb 107:33, 34; Ýer 6:7
  • +Işa 6:11; Zek 7:14

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 53

Hyzkyl 12:20

Parallel aýatlar

  • +Işa 64:10; Ýer 25:9
  • +Hyz 6:13

Hyzkyl 12:22

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Işa 5:19; Ams 6:3; 2Pe 3:3, 4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 53

Hyzkyl 12:23

Parallel aýatlar

  • +Ýow 2:1; Sep 1:14

Hyzkyl 12:24

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: hilegär.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 14:14; Agy 2:14; Hyz 13:23

Hyzkyl 12:25

Parallel aýatlar

  • +Agy 2:17; Zek 1:6
  • +Ýer 16:9; Hab 1:5

Hyzkyl 12:27

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: öýi.

Parallel aýatlar

  • +Işa 5:19; 28:15; 2Pe 3:3, 4

Umumy salgylar

Hyz. 12:2Işa 6:9, 10; Ýer 5:21; Rim 11:8
Hyz. 12:2Hyz 2:3, 5
Hyz. 12:42Tr 36:20; Ýer 52:10, 11
Hyz. 12:52Pa 25:4
Hyz. 12:6Işa 8:18; Hyz 4:3; 24:24
Hyz. 12:10Ýer 21:7; Hyz 21:25
Hyz. 12:11Hyz 24:24
Hyz. 12:11Ýer 52:15
Hyz. 12:122Pa 25:4; Ýer 39:4
Hyz. 12:13Ýer 52:9; Hyz 17:20, 21
Hyz. 12:132Pa 25:6, 7; Ýer 34:3; 52:11; Hyz 17:16
Hyz. 12:142Pa 25:5
Hyz. 12:143Ms 26:33; Ýer 42:15, 16
Hyz. 12:183Ms 26:26
Hyz. 12:19Zb 107:33, 34; Ýer 6:7
Hyz. 12:19Işa 6:11; Zek 7:14
Hyz. 12:20Işa 64:10; Ýer 25:9
Hyz. 12:20Hyz 6:13
Hyz. 12:22Işa 5:19; Ams 6:3; 2Pe 3:3, 4
Hyz. 12:23Ýow 2:1; Sep 1:14
Hyz. 12:24Ýer 14:14; Agy 2:14; Hyz 13:23
Hyz. 12:25Agy 2:17; Zek 1:6
Hyz. 12:25Ýer 16:9; Hab 1:5
Hyz. 12:27Işa 5:19; 28:15; 2Pe 3:3, 4
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
Mukaddes Kitap
Hyzkyl 12:1—28

Hyzkyl

12 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, sen gozgalaňçy halkyň arasynda ýaşaýarsyň. Olaryň gözi bar, ýöne görmeýär. Gulagy bar, ýöne eşitmeýär+. Sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr+. 3 Ynsan ogly, sürgüne gidýän ýaly goşuňy düw. Soňra gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda sürgüne gidýän ýaly ýola düş. Olaryň gözleriniň alnynda sürgüne gidýän ýaly öýüňden çykyp, başga ýere git. Olar gozgalaňçy halk bolsa-da, belki, muňa üns berer. 4 Gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda sürgüne gitmek üçin taýýarlap goýan goş-golamyňy daşary çykaryp goý. Soňra garaňky düşende, olaryň gözleriniň alnynda sürgün edilýän adam ýaly çykyp git+.

5 Olaryň gözleriniň alnynda diwary oýup, goşlaryňy daşyna çykar+. 6 Olaryň gözleriniň alnynda goşlaryňy egniňe al-da, garaňkyda çykyp git. Aýagyň astyny* görmeziň ýaly ýüzüňi ýap. Sebäbi men seni Ysraýyl öýi üçin bir alamat edýärin»+.

7 Men aýdylyşy ýaly etdim. Gündiziň güni sürgüne gidýän ýaly goşlarymy daşary çykardym, agşam bolsa elim bilen diwary oýdum. Gije düşende olaryň gözüniň alnynda goşlarymy egnime alyp çykdym.

8 Irden Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 9 «Ynsan ogly, gozgalaňçy ysraýyl halky näme edýäniňi soramadymy? 10 Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Iýerusalimdäki baştutana+ we tutuş ysraýyl halkyna garşy höküm çykarylandyr“.

11 Olar üçin alamatdygyňy+ aýt. Seniň edýän zatlaryň ählisi olaryň başyna geler. Olar ýesir düşüp sürgün ediler+. 12 Olaryň baştutany goş-golamyny egnine alyp, garaňkyda ýola düşer. Diwary oýup, goş-golamyny daşary çykarar+. Aýagynyň astyny* görmez ýaly ýüzüni ýapar. 13 Onuň üstüne torumy taşlaryn, ol meniň toruma düşer+. Men ony Wawilona, haldeýleriň ýurduna getirerin. Ýöne ol ýurdy gözi bilen görüp bilmez. Şol ýerde dünýäden öter+. 14 Ýanyndaky adamlaryny, kömekçilerini we goşunyny çar tarapa dargadaryn+. Gylyjymy syryp, yzlaryndan kowaryn+. 15 Olary halklaryň we ýurtlaryň arasyna dargadanymda, meniň Ýehowadygymy bilerler. 16 Emma olaryň käbirini gylyçdan, açlykdan we mergiden alyp galaryn. Olar baran ýurtlarynda eden ýigrenji işleri hakda gürrüň bererler. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler».

17 Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi: 18 «Ynsan ogly, çöregiňi sandyr-sandyr edip iý, suwuňy gorkup, gaýgy-alada bilen iç+. 19 Ýurduň ilatyna şeýle diý: „Älemiň Hökümdary Ýehowa Ysraýyl ýurdunda ýaşaýan Iýerusalim halkyna şeýle aýdýar: „Olar çöregini gaýgy-alada bilen iýerler, suwuny gorkup içerler. Olaryň ýurdy halkyň zalymlygyndan ýaňa+ boşap galar+. 20 Köp ilatly şäherler haraba öwrüler, ýurt çöllüge döner+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“»+.

21 Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi: 22 «Ynsan ogly, Ysraýylda şeýle nakyl barmyş: „Günler geçip barýar, görnüşler* puja çykýar“+. 23 Şonuň üçin olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Siziň nakylyňyz puja çykar. Ysraýylda şu nakyly gaýdyp hiç kim agzamaz“. Onsoňam, olara: „Şeýle bir günler geler+, her bir görnüş amala aşar“ diý. 24 Indi Ysraýyl öýünde ýalan pygamber we ýaranjaň* palçy bolmaz+. 25 Muny men, Ýehowa aýdýaryn. Aýdan sözlerim gijä galman ýerine ýeter+. Eý gozgalaňçy halk, men aýdýanlarymy siziň günleriňizde+ amala aşyraryn. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

26 Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi: 27 «Ynsan ogly, ysraýyl halky*: „Onuň aýdýan görnüşi entek-entek ýerine ýetmez. Ol uzak gelejek hakda pygamberlik edýär“+ diýýär. 28 Şol sebäpli olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Emrim gijikmez, aýdan her bir sözüm ýerine ýeter“. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş