Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hyzkyl 31
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hyzkyl kitabynyň mazmuny

      • Beýik kedr agajy Müsür ýykylýar (1—18)

Hyzkyl 31:2

Parallel aýatlar

  • +Ýer 46:2; Hyz 29:2

Hyzkyl 31:8

Parallel aýatlar

  • +1Ms 2:8; Hyz 28:12, 13

Hyzkyl 31:11

Parallel aýatlar

  • +Hyz 30:10, 11; Hab 1:6

Hyzkyl 31:12

Parallel aýatlar

  • +Hyz 32:5, 6

Hyzkyl 31:13

Parallel aýatlar

  • +Hyz 29:5; 32:4

Hyzkyl 31:14

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: mazara.

Hyzkyl 31:15

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Hyzkyl 31:16

Parallel aýatlar

  • +Hyz 31:9

Hyzkyl 31:17

Parallel aýatlar

  • +Hyz 32:18, 20
  • +Hyz 30:6; 32:31

Hyzkyl 31:18

Parallel aýatlar

  • +Hyz 31:9; 32:19

Umumy salgylar

Hyz. 31:2Ýer 46:2; Hyz 29:2
Hyz. 31:81Ms 2:8; Hyz 28:12, 13
Hyz. 31:11Hyz 30:10, 11; Hab 1:6
Hyz. 31:12Hyz 32:5, 6
Hyz. 31:13Hyz 29:5; 32:4
Hyz. 31:16Hyz 31:9
Hyz. 31:17Hyz 32:18, 20
Hyz. 31:17Hyz 30:6; 32:31
Hyz. 31:18Hyz 31:9; 32:19
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
Mukaddes Kitap
Hyzkyl 31:1—18

Hyzkyl

31 Ýehowa 11-nji ýylda, üçünji aýyň birine meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Müsür faraonyna we onuň goşunyna şeýle diý+:

„Seniň ýaly beýik kim bar?

 3 Sen assiriýala, Liwanyň kedr agajyna meňzeýärdiň.

Seniň owadan gür ýaprakly şahalaryň kölege berýärdi;

Seniň boýuň şeýle beýikdi welin, hatda bulutlara ýetýärdi.

 4 Sen suwlaryň ýakasynda ösdüň,

Çeşmeleriň boýunda beýik agaç bolduň.

Çar tarapyňdan çeşmeler akýardy.

Ýaplar ähli agaçlary suwarýardy.

 5 Şeýdip, sen ähli agaçlardan beýik bolduň.

Şahalaryň köpeldi, pudaklaryň ösdi,

Sebäbi sen bol suwlaryň boýunda otyrdyň.

 6 Ähli guşlar seniň şahalaryňda höwürtge ýasardylar;

Ähli ýyrtyjy haýwanlar aşagyňda guzlardylar;

Ähli halklar seniň kölegäňde ýaşardylar.

 7 Seniň şahalaryň ösdi, beýik we owadan agaç bolduň.

Sebäbi kökleriň bol suwdan ganardy.

 8 Hudaýyň bagyndaky+ kedr agaçlary,

Arça agaçlarynyň şahalary,

Çynar agaçlary saňa taý gelmeýärdi.

Allanyň bagyndaky hiç bir agaç

Gözellikde seniň bilen bäsleşip bilmeýärdi.

 9 Men seni gür ýaprakly owadan agaç etdim.

Hak Hudaýyň Erem bagyndaky ähli agaçlar

Saňa göriplik ederdi“.

10 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sen beýik agaç bolup, boýuň bulutlara ýetdi. Sen beýikligiňe buýsanyp, tekepbir bolduň. 11 Men seni milletleriň güýçli hökümdarynyň eline tabşyraryn+; ol saňa garşy söweşer. Men erbet işleriň üçin senden ýüz öwrerin. 12 Ýat halklar, iň zalym milletler seni çaparlar, daglara taşlarlar, seniň ýapraklaryň jülgelerde, döwlen şahalaryň çeşmeleriň boýunda pytrap ýatar+. Ýer ýüzüniň ähli halklary saýaňy taşlap giderler. 13 Asmanyň ähli guşlary töňňäňde höwürtge ýasarlar, ýabany haýwanlar şahalaryňda mesgen tutarlar+. 14 Suwuň boýunda ösýän hiç bir agaç seniň ýaly beýik bolmaz, başy bulutlara ýetmez. Bol suwlardan ganýan hiç bir agaç şeýle beýik bolmaz. Olaryň ählisi heläk bolar, çukura* inen ynsan ogullary bilen birlikde gara ýere siňip giderler“.

15 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Seniň mazara* inen günüň halklara ýas tutduraryn. Men suwlar akmaz ýaly derýalara böwet goýaryn, çeşmeleri beklärin. Sen sebäpli Liwany tümlüge gaplaryn, ähli agaçlaryny guradaryn. 16 Sen ýykylanyňda goh-galmagal turar, halklar gorkup sandyrar. Seni çukura injekler bilen bir mazara indererin. Eremiň ähli agaçlary+, Liwanyň iň owadan agaçlary, bol suwlaryň boýunda ösýän agaçlar ýeriň astynda ynjalyk tapar. 17 Olar seniň bilen gylyçdan geçirilenleriň ýanyna, mazara iner+. Halklaryň arasyndaky ýaranlaryň hem mazara iner“+.

18 Erem bagynda seniň ýaly şöhratly we beýik agaç bardymy?+ Emma sen Erem bagynyň agaçlary bilen gara ýeriň astyna inersiň. Sen gylyçdan geçirilen sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Faraonyň we onuň goşunynyň başyna şeýle betbagtçylyklar iner — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş