Üçünji Musa
12 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Eger aýal göwreli bolup, ogul dogursa, ýedi günläp aýbaşy döwründäki ýaly hapa hasaplansyn+. 3 Sekizinji gün çagany sünnetläň+. 4 Aýalyň gandan tämizlenmegi üçin ýene 33 gün gerek bolar. Tämizleniş döwri tamamlanýança, ol mukaddes zatlara el degirmesin, mukaddes çadyra-da gelmesin.
5 Eger ol gyz dogursa, 14 günläp aýbaşy döwründäki ýaly hapa hasaplansyn. Aýalyň gandan tämizlenmegi üçin ýene 66 gün gerek bolar. 6 Ogly ýa gyzy üçin tämizleniş döwri tamamlananda, ol ýakma gurbanlygy üçin erkek tokly+, günä gurbanlygy üçin kepderi* ýa-da gumry alyp, ýygnak çadyrynyň* agzyna, ruhana getirip bersin. 7 Ruhany olary Ýehowa hödürläp, aýaly günäden arassalar. Şeýdip, ol gan akmasyndan tämizlener. Aýalyň ogly bolsa-da, gyzy bolsa-da, şu kanuna eýermelidir. 8 Eger tokly bermäge ýagdaýy bolmasa, iki gumry ýa-da iki kepderi getirsin+. Birini ýakma gurbanlygy, beýlekisini günä gurbanlygy edip bersin. Ruhany hem aýaly günäden arassalasyn. Şonda ol tämizlener“».