Üçünji Musa
24 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 2 «Şemler mydama ýanyp durar ýaly, ysraýyllara şemdan üçin arassa zeýtun ýag getirmegi tabşyr+. 3 Harun ýygnak çadyrynda*, äht* sandygynyň öňündäki tutynyň daşynda duran şemleriň Ýehowanyň huzurynda her gün agşamdan irdene çenli ýanyp durmagyna gözegçilik etsin. Muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. 4 Harun şemleri elmydama Ýehowanyň huzurynda duran sap altyndan ýasalan şemdana+ düzüp goýsun.
5 Ýokary hilli undan 12 sany halka görnüşli çörek bişir. Çörekleriň hersini iki jam* undan bişiriň. 6 Olary Ýehowanyň huzuryndaky sap altyndan ýasalan stoluň üstünde+ alty-altydan iki hatar edip goý+. 7 Her hataryň üstüne-de arassa ladan* goý. Ol Ýehowa ýakylyp berilýän ýatlama sadakasynyň*+ çöregidir. 8 Her Sabat güni Ýehowanyň huzuryndaky çörekler täzelensin+. Ysraýyllar bilen baglaşan hemişelik ähtim şeýledir. 9 Çörekler Harun bilen ogullarynyň paýydyr+. Olar çöregi mukaddes ýerde iýsinler+. Sebäbi Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlardan ruhana düşýän paý örän mukaddesdir. Muny hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň».
10 Halkyň arasynda ejesi ysraýyllardan, kakasy müsürli biri bardy+. Bir gün ol düşelgede ysraýyllaryň biri bilen urşup başlady. 11 Ysraýyllardan bolan aýalyň ogly sögünip, Hudaýyň adyna* gargap başlady+. Şonda oglany Musanyň ýanyna getirdiler+. Onuň ejesi dan taýpasyndan Dibriniň gyzy Şelomitdi. 12 Ýehowanyň hökümi belli bolýança, oglany tussaglykda sakladylar+.
13 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 14 «Hudaýa dil ýetiren adamy düşelgäniň daşyna çykaryň. Gargyşyny eşidenleriň bary onuň kellesine elini goýsun, soňra halk ony daşlap öldürsin+. 15 Ysraýyllara aýt: „Kimde-kim Hudaýa dil ýetirse, günäsi üçin jogap bermeli bolar. 16 Ýehowanyň adyna gargan adam hökman ölüme höküm edilsin+. Halk ony daşlap öldürsin. Gelmişek bolsun, ýerli halkdan bolsun, Hudaýyň adyna dil ýetiren adamy ölüme höküm ediň.
17 Kimde-kim adam öldürse, hökman öldürilsin+. 18 Biriniň malyny urup öldüren adam öwezini dolup, mal deregine mal bersin. 19 Birini ýaralan adamyň özüni-de ýaralaň+. 20 Döwük deregine döwük, göz deregine göz, diş deregine diş bolsun. Ol kime nähili şikes ýetiren bolsa, özüne-de şeýle edilsin+. 21 Bir haýwany öldüren adam ýetiren zyýanynyň öwezini dolsun+. Ýöne kim adam öldürse, onuň özi-de öldürilsin+.
22 Gelmişek üçinem, ýerli halk üçinem bir kanuna eýeriň+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn“».
23 Musa Hudaýyň aýdan sözlerini ysraýyllara ýetirdi. Olar hem Hudaýa dil ýetiren adamy düşelgeden çykaryp daşladylar+. Ysraýyllar Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.