Amos
8 Älemiň Hökümdary Ýehowa maňa tomus miwelerinden doly sebedi görkezdi. 2 Ol menden: «Amos, näme görýärsiň?» diýip sorady. Menem: «Tomus miwelerinden doly sebedi görýärin» diýip jogap berdim. Soňra Ýehowa şeýle diýdi: «Ysraýyl halkymyň soňy geldi. Indi olary bagyşlamaryn+. 3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Şol gün ybadathanada aýdylýan aýdymlar aga öwrüler+. Daş-töwerekde jesetler pytrap ýatar+. Ümsüm boluň!“
4 Garyplary ezýänler,
Ýumşaklary ýok edýänler, diňläň!+
5 Siz şeýle diýýärsiňiz:
„Täze aý baýramy gutarsady+, bugdaý satardyk,
Sabat güni geçsedi+, galla satmaga giderdik.
Şonda çuwalymyzy* kiçeldip,
Bahasyny galdyrardyk,
Tereziden iýip, olary aldardyk+.
6 Mätäji kümüş teňňä satyn alardyk,
Garyby çaryga çalşardyk+.
Bugdaýyň kepegini satardyk“.
Tutuş ýurt tolkun atýan Nil derýasy kimin howsala düşer,
Müsüriň dolup-daşan Nil derýasy kimin bolar“+.
9 Älemiň Hökümdary Ýehowa yglan edýär:
„Şonda günortan çagy Gün batar,
Gündiziň güni ýagty jahany garaňkylyk basar+.
10 Men siziň baýramlaryňyzy ýasa+,
Aýdymlaryňyzy aga öwrerin,
Biliňize jul* guşap, saçyňyzy syraryn.
Ýalňyz perzendi üçin ýas tutýan adam ýaly bolarsyňyz,
Ol gün elhenç bolar“.
11 Älemiň Hökümdary Ýehowa yglan edýär:
„Şeýle günler geler, men tutuş ýurda açlyk indererin.
Adamlar bir döwüm çörege, bir owurt suwa däl-de,
Ýehowanyň agzyndan çykýan söze zar bolarlar+.
12 Olar deňizden-deňze,
Demirgazykdan gündogara çenli entärler.
Ýehowanyň sözüni agtararlar, ýöne tapmazlar.
13 Şol gün gözel gyzlar, goç ýigitler,
Teşnelikden ýaňa huşuny ýitirerler.
14 Samariýanyň butlaryndan+ ant içip:
„Eý Dan+, taňryň diri şaýatdyr!“ diýýänler,
„Beýer-şebanyň+ ýolundan ant içýärin!“ diýýänler ýykylar,
Hiç haçan aýaga galmazlar“»+.