Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 4 Musa 23
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

4 Musa kitabynyň mazmuny

      • Bilgamyň 1⁠-⁠nji ak patasy (1—12)

      • Bilgamyň 2⁠-⁠nji ak patasy (13—30)

4 Musa 23:1

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:41

4 Musa 23:2

Parallel aýatlar

  • +4Ms 23:13, 14, 28—30

4 Musa 23:4

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:20

4 Musa 23:5

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:35

4 Musa 23:7

Parallel aýatlar

  • +4Ms 23:18; 24:3
  • +4Ms 22:6
  • +1Ms 10:22; 4Ms 22:5; 5Ms 23:3, 4

4 Musa 23:8

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:12

4 Musa 23:9

Parallel aýatlar

  • +2Ms 33:16
  • +1Pa 8:53

4 Musa 23:10

Parallel aýatlar

  • +1Ms 13:14, 16; 22:17; 2Ms 1:7

4 Musa 23:11

Parallel aýatlar

  • +4Ms 24:10; Ýuş 24:10; Neh 13:1, 2

4 Musa 23:12

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:38; 24:13

4 Musa 23:13

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:11

4 Musa 23:14

Parallel aýatlar

  • +5Ms 34:1
  • +4Ms 22:41; 23:1, 28, 29

4 Musa 23:16

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:35; 23:5

4 Musa 23:18

Parallel aýatlar

  • +4Ms 23:7; 24:3

4 Musa 23:19

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: eden işine puşman etmez.

Parallel aýatlar

  • +Zb 89:35; Tit 1:2
  • +1Şm 15:29
  • +Işa 14:24; 46:10; Mik 7:20

4 Musa 23:20

Parallel aýatlar

  • +1Ms 12:1, 2; 22:15, 17; 4Ms 22:12
  • +4Ms 22:18

4 Musa 23:21

Parallel aýatlar

  • +2Ms 13:21; 23:20; 29:45; Işa 8:10

4 Musa 23:22

Parallel aýatlar

  • +2Ms 20:2
  • +4Ms 24:8

4 Musa 23:23

Parallel aýatlar

  • +1Ms 12:1, 3
  • +4Ms 22:7

4 Musa 23:24

Parallel aýatlar

  • +4Ms 24:9

4 Musa 23:26

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:38; 23:12

4 Musa 23:27

Parallel aýatlar

  • +4Ms 23:13

4 Musa 23:28

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: çöl.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 21:20

4 Musa 23:29

Parallel aýatlar

  • +4Ms 22:41; 23:1, 14

Umumy salgylar

4 Mus. 23:14Ms 22:41
4 Mus. 23:24Ms 23:13, 14, 28—30
4 Mus. 23:44Ms 22:20
4 Mus. 23:54Ms 22:35
4 Mus. 23:74Ms 23:18; 24:3
4 Mus. 23:74Ms 22:6
4 Mus. 23:71Ms 10:22; 4Ms 22:5; 5Ms 23:3, 4
4 Mus. 23:84Ms 22:12
4 Mus. 23:92Ms 33:16
4 Mus. 23:91Pa 8:53
4 Mus. 23:101Ms 13:14, 16; 22:17; 2Ms 1:7
4 Mus. 23:114Ms 24:10; Ýuş 24:10; Neh 13:1, 2
4 Mus. 23:124Ms 22:38; 24:13
4 Mus. 23:134Ms 22:11
4 Mus. 23:145Ms 34:1
4 Mus. 23:144Ms 22:41; 23:1, 28, 29
4 Mus. 23:164Ms 22:35; 23:5
4 Mus. 23:184Ms 23:7; 24:3
4 Mus. 23:19Zb 89:35; Tit 1:2
4 Mus. 23:191Şm 15:29
4 Mus. 23:19Işa 14:24; 46:10; Mik 7:20
4 Mus. 23:201Ms 12:1, 2; 22:15, 17; 4Ms 22:12
4 Mus. 23:204Ms 22:18
4 Mus. 23:212Ms 13:21; 23:20; 29:45; Işa 8:10
4 Mus. 23:222Ms 20:2
4 Mus. 23:224Ms 24:8
4 Mus. 23:231Ms 12:1, 3
4 Mus. 23:234Ms 22:7
4 Mus. 23:244Ms 24:9
4 Mus. 23:264Ms 22:38; 23:12
4 Mus. 23:274Ms 23:13
4 Mus. 23:284Ms 21:20
4 Mus. 23:294Ms 22:41; 23:1, 14
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
Mukaddes Kitap
4 Musa 23:1—30

Dördünji Musa

23 Soňra Bilgam Ballaga: «Şu ýerde ýedi sany gurbanlyk ojagyny* gurup+, maňa ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarla» diýdi. 2 Ballak dessine Bilgamyň aýdyşy ýaly etdi. Ballak bilen Bilgam her gurbanlyk ojagynda bir öküzi we goçy gurbanlyk berdiler+. 3 Bilgam Ballaga: «Sen ýakma gurbanlygynyň ýanynda dur, men gideýin, belki, Ýehowa meniň bilen gepleşer. Ol näme diýse, saňa aýdaryn» diýip, depä çykdy.

4 Şonda Hudaý Bilgam bilen gepleşdi+. Bilgam Hudaýa: «Men ýedi sany gurbanlyk ojagyny gurup, hersinde bir öküz bilen goç gurbanlyk berdim» diýdi. 5 Ýehowa Bilgamyň aýtmaly zatlaryny öwredip+: «Ballagyň ýanyna bar-da, şu sözleri aýt» diýdi. 6 Bilgam yzyna baranda, Ballak bilen Mowap begleri ýakma gurbanlygynyň ýanynda garaşyp durdy. 7 Şonda Bilgam parasatly sözleri aýdyp başlady+:

«Mowap patyşasy Ballak:

„Meniň üçin Ýakuby näletle,

Ysraýyla garga“+ diýip, meni Aramdan+,

Gündogar daglardan getirdi.

 8 Ýöne Hudaý halkyny näletlemese, men nädip näletläýin?!

Ýehowa gargamasa, men nädip gargaýyn?!+

 9 Gaýalaryň depesinden olary görýärin,

Baýyrlardan olara syn edýärin.

Başga halklardan aýry+,

Öz başyna ýaşaýan halk+.

10 Ýakubyň çäge deý neslini kim sanap biler?+

Ysraýylyň dörtden birini kim hasaplap biler?

Halal adam kimin ölsedim,

Ömrümiň soňy şu halkyňky deý bolsady!»

11 Muny eşiden Ballak Bilgama: «Edýäniň näme? Seni duşmanlaryma gargyş oka diýip getirdim, sen bolsa olara ak pata berýäň!»+ diýdi. 12 Bilgam: «Ýehowanyň aýdan sözlerini aýtmaly bolaryn-a!»+ diýdi.

13 Şonda Ballak: «Ýör, onda başga ýere gideli. Şol ýerden tutuş halky däl-de, bir bölegini görersiň. Gaýrat edip, olara gargyş oka»+ diýdi. 14 Ballak Bilgamy Pisganyň depesindäki+ Sopym baýryna eltdi we ýedi sany gurbanlyk ojagyny gurup, hersinde bir öküz bilen goçy gurban berdi+. 15 Soňra Bilgam Ballaga: «Hudaý bilen gepleşip gelýänçäm, ýakma gurbanlygynyň ýanynda garaş» diýdi. 16 Ýehowa Bilgam bilen gepleşdi. Hudaý oňa aýtmaly zatlaryny öwredip+: «Ballagyň ýanyna bar-da, şu sözleri aýt» diýdi. 17 Bilgam yzyna baranda, Ballak bilen Mowap begleri ýakma gurbanlygynyň ýanynda garaşyp duran eken. Ballak: «Ýehowa näme diýdi?» diýip sorady. 18 Şonda Bilgam şeýle parasatly sözleri aýtdy+:

«Eý Ballak, gulak as!

Sefur ogly, sözümi diňle!

19 Hudaý adam ýaly ýalan sözlemez+,

Ynsan ýaly pikirini üýtgetmez*+.

Heý-de, Hudaý aýdan zadyny etmezmi?!

Beren sözünde durmazmy?!+

20 Hudaý meni halkyna ak pata bermäge getirdi,

Isleýşi ýaly ak pata hem berdi+, muny üýtgedip bilmerin+.

21 Ol Ýakuby jadyly güýçden gorar,

Ysraýylyň heläk bolmagyna ýol bermez.

Ýehowa Hudaý olary goraýar+,

Halkyna patyşa bolup, şöhrat gazanýar!

22 Hudaý halkyny Müsürden çykardy+,

Öküziň şahy deý güýji bilen gorady+.

23 Ýakuba hiç hili doga-tumar+,

Ysraýyla jadygöýlik täsir etmez+.

Ýakup, Ysraýyl hakda söz açylanda:

„Görsene, Hudaýyň gudratyny!“ diýerler.

24 Ysraýyl halky ýolbars deý aýaga galar,

Arslan deý ýerinden turar+.

Awuny ýalmap-ýuwudýança,

Oljasynyň ganyndan doýýança ýatmaz».

25 Ballak Bilgama: «Olara gargyş okap bilmeseň, ak pata bir berme!» diýdi. 26 Bilgam bolsa: «Men diňe Ýehowanyň aýdanyny ederin diýdim ahyryn»+ diýdi.

27 Ballak: «Ýör, onda başga ýere gideli. Belki, hak Hudaý halka şol ýerde gargyş okamagyňy makullar»+ diýdi. 28 Ballak Bilgamy alyp, Pegoryň depesine çykdy. Şol ýerden Ýeşimon* görünýärdi+. 29 Bilgam Ballaga: «Ýedi sany gurbanlyk ojagyny gurup, ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarla»+ diýdi. 30 Ballak Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her gurbanlyk ojagynda bir öküzi we goçy gurbanlyk berdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş