Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 5 Musa 20
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

5 Musa kitabynyň mazmuny

      • Söweş üçin düzgünler (1—20)

        • Gullukdan boşatmak (5—9)

5 Musa 20:1

Parallel aýatlar

  • +5Ms 3:22; 31:6; Zb 20:7; Nak 21:31

5 Musa 20:2

Parallel aýatlar

  • +4Ms 31:6

5 Musa 20:4

Parallel aýatlar

  • +2Ms 14:14; Ýuş 23:10

5 Musa 20:7

Parallel aýatlar

  • +5Ms 24:5

5 Musa 20:8

Parallel aýatlar

  • +Ser 7:3
  • +4Ms 13:33; 14:1—3; 32:9; 5Ms 1:28

5 Musa 20:10

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 11:19

5 Musa 20:11

Parallel aýatlar

  • +3Ms 25:44, 46; Ýuş 9:22, 27

5 Musa 20:14

Parallel aýatlar

  • +2Tr 14:13
  • +Ýuş 22:8

5 Musa 20:16

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 6:17; 10:28; 11:11

5 Musa 20:17

Parallel aýatlar

  • +5Ms 7:1

5 Musa 20:18

Parallel aýatlar

  • +2Ms 34:15; 5Ms 7:4; Ýuş 23:12, 13; Işa 2:6; 1Kr 5:6; 15:33

5 Musa 20:19

Parallel aýatlar

  • +Neh 9:25

Umumy salgylar

5 Mus. 20:15Ms 3:22; 31:6; Zb 20:7; Nak 21:31
5 Mus. 20:24Ms 31:6
5 Mus. 20:42Ms 14:14; Ýuş 23:10
5 Mus. 20:75Ms 24:5
5 Mus. 20:8Ser 7:3
5 Mus. 20:84Ms 13:33; 14:1—3; 32:9; 5Ms 1:28
5 Mus. 20:10Ýuş 11:19
5 Mus. 20:113Ms 25:44, 46; Ýuş 9:22, 27
5 Mus. 20:142Tr 14:13
5 Mus. 20:14Ýuş 22:8
5 Mus. 20:16Ýuş 6:17; 10:28; 11:11
5 Mus. 20:175Ms 7:1
5 Mus. 20:182Ms 34:15; 5Ms 7:4; Ýuş 23:12, 13; Işa 2:6; 1Kr 5:6; 15:33
5 Mus. 20:19Neh 9:25
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
Mukaddes Kitap
5 Musa 20:1—20

Bäşinji Musa

20 Söweşde duşmanyň at-arabasy we goşuny siziňkiden köp bolsa, gorkmaň, sizi Müsürden çykaran Ýehowa Hudaýyňyz ýanyňyzdadyr+. 2 Söweşe gitjek bolanyňyzda, ruhany halkyň öňüne çyksyn-da+: 3 „Diňläň, eý ysraýyllar! Duşman bilen batyrgaý söweşiň! Gorkmaň, howsala düşüp, aljyramaň. 4 Ýehowa Hudaýyňyz ýanyňyzda gidip, duşman bilen söweşer, sizi halas eder“+ diýsin.

5 Baştutanlar hem esgerlere şeýle diýsin: „Kimde-kim jaý salyp, heniz göçüp barmadyk bolsa, öýüne gaýtsyn. Ol söweşde wepat bolsa, jaýynda başga biri ýaşar. 6 Kimde-kim üzüm ekip, heniz miwesinden datmadyk bolsa, öýüne gaýtsyn. Ol söweşde wepat bolsa, hasylyny başga biri iýer. 7 Kimde-kim adaglanyp, heniz öýlenip ýetişmedik bolsa, öýüne gaýtsyn+. Ol söweşde wepat bolsa, adaglysyna başga biri öýlener“. 8 Soňra baştutanlar: „Araňyzda söweşe gitmäge gorkýan ýa-da gaýraty çatmaýan+ bar bolsa, öýüne gaýtsyn. Ýogsam ol doganlarynyň hem ýüregine gorky salar“+ diýsinler. 9 Şondan soň olar esgerleri söweşe alyp gitjek serkerdeleri bellesinler.

10 Bir şähere çozmankaňyz, ilki ylalaşmagy teklip ediň+. 11 Eger olar ylalaşyp, derwezelerini açsalar, şäheriň ilaty size gul bolar+. 12 Emma ylalaşman, söweşjek bolsalar, şäheri gabaň. 13 Ýehowa Hudaýyňyz olary eliňize berer. Şäherdäki ähli erkekleri gylyçdan geçiriň. 14 Aýallaryny, çagalaryny ýesir alyň, mal-garany we şäherdäki ähli zady olja alyň+. Ýehowa Hudaýyňyz duşmanlary eliňize berer, olaryň ähli zadyny talaň+.

15 Ýöne şu aýdanlarymy golaýda däl-de, uzakda ýerleşýän şäherlere ediň. 16 Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek şäherlerinde bolsa ýekeje adamy-da diri galdyrmaň+. 17 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryşy ýaly, şol ýerdäki hetleri, amorlary, kenganlary, perizleri, hiwileri we ýabuslary+ bütinleý ýok ediň. 18 Ýogsam olar taňrylary üçin edýän nejis işlerini size-de öwredip, Ýehowa Hudaýyňyza garşy günä etdirerler+.

19 Bir şäheri basyp almak üçin uzak wagt gabawda saklanyňyzda agaçlaryny çapmaň. Miwelerini iýiň, ýöne agaçlary çapmaň+. Agaja topular ýaly, ol adam däl ahyryn. 20 Diňe miwesini iýip bolmaýan agaçlary çapyň. Olary çapyp, basyp aljak şäheriňize gabaw diwaryny gurup bilersiňiz.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş