Ýuşa
11 Hasoryň hany Ýabin bolan zatlary eşidip, Madonyň hany+ Ýobaba, Şimronyň we Akşabyň hanlaryna+, 2 demirgazykdaky daglarda ýaşaýan hanlara, Kinneretiň günortasyndaky düzlüklerde* ýaşaýan hanlara, Şepelada we günbatardaky Doruň+ baýyrlarynda ýaşaýan hanlara, 3 gündogardaky we günbatardaky kenganlara+, daglardaky amorlara+, hetlere, perizlere, ýabuslara we Mispadaky Hermon+ dagynyň eteginde ýaşaýan hiwilere+ habar ýollady. 4 Şeýlelikde, hanlar söweşe çykdy, olaryň goşuny deňiz çägesi deý köpdi, atlarynyň we söweş arabalarynyň hetdi-hasaby ýokdy. 5 Hanlaryň ählisi üýşüp, Merom çeşmesiniň boýunda düşelge gurdular-da, ysraýyllar bilen söweşmäge taýýarlandylar.
6 Ýehowa Ýuşa: «Gorkma+, ertir şu wagtlar olary ysraýyllaryň eline bererin. Duşmanlaryň atlaryny maýyp edip+, arabalaryny ýakyň» diýdi. 7 Ýuşa esgerleri bilen Merom çeşmesine baryp, duşmana duýdansyz hüjüm etdi. 8 Ýehowa olary ysraýyllaryň eline berdi+. Ysraýyllar olary derbi-dagyn edip, Beýik Sidona+, Misrepot-maýyma+ we gündogardaky Mispa jülgesine çenli kowalap, ählisini gyrdylar+. 9 Ýuşa Ýehowanyň aýdyşy ýaly, olaryň atlaryny maýyp edip, arabalaryny ýakdy+.
10 Soňra Ýuşa yzyna gelip, Hasor şäherini basyp aldy, hanyny bolsa gylyçdan geçirdi+. Hasor şol wagtlar ady belli* şäherdi. 11 Olar şäherde ýekeje adamy hem goýman+ gylyçdan geçirdiler-de+, şäheri otladylar. 12 Ýuşa şol hanlaryň şäherlerini basyp aldy, hanlary bolsa gylyçdan geçirdi+. Ýehowanyň guly Musanyň tabşyryşy ýaly, Ýuşa olary ýok etdi+. 13 Emma ysraýyllar baýyrlarda ýerleşýän şäherleri otlamadylar. Ýuşa diňe Hasory otlady. 14 Ysraýyllar şol şäherlerdäki zatlary we mallary olja alyp+, ilatyny gylyçdan geçirdiler+. Şäherlerde janly-jemende galmady+. 15 Musa Ýehowanyň ähli tabşyryklaryny Ýuşa düşündiripdi+. Ýuşa hem Musanyň aýdyşy ýaly, Ýehowanyň ähli tabşyrygyny birkemsiz ýerine ýetirdi+.
16 Ýuşa tutuş ýurdy: daglygy, Negebi+, tutuş Goşeni, Şepelany+, Arabany+, Ysraýyl daglaryny we baýyrlaryny*, 17 Segiriň golaýyndaky Halak dagyndan tä Hermon dagynyň+ etegindäki Liwan jülgesinde ýerleşýän Bagal-gada+ çenli aralygy basyp aldy. Hanlaryny bolsa tutup öldürdi. 18 Ýuşa şol hanlar bilen birnäçe wagtlap söweşdi. 19 Gibgonda ýaşaýan hiwilerden başga hiç kim ysraýyllar bilen ylalaşyk baglaşmady+. Ysraýyllar beýleki şäherleriň hemmesini söweş bilen basyp aldylar+. 20 Ýehowa şol halklaryň boýnuýogyn bolmagyna+ we ysraýyllar bilen söweşmegine ýol berdi, sebäbi olara rehim etmän, bütinleý ýok etjek bolýardy+. Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, olar ýok edilmelidi+.
21 Ýuşa daglykda, Hebronda, Debirde, Anapda, Ýahudanyň we Ysraýylyň daglarynda ýaşaýan anaklaryň+ ýoguna ýandy. Olary bütinleý ýok edip, şäherlerini ýer bilen ýegsan etdi+. 22 Ysraýyl ýurdunda anaklaryň ýekejesi-de galmady+, olar diňe Gazada+, Getde+ we Aşdotda+ bardy. 23 Ýehowanyň Musa wada berişi ýaly, Ýuşa tutuş ýurdy basyp aldy+. Ol ysraýyl taýpalarynyň hersine bijesine düşen paýy mülk edip berdi+. Şeýlelikde, uruş tamamlanyp, ýurtda parahatlyk boldy+.