Ýuşa
7 Emma ysraýyllar Hudaýa biwepalyk edip, ýok edilmeli zatlar baradaky tabşyrygy bozdular. Ýahuda taýpasynyň zera tiresinden, Zabdynyň agtygy, Karminiň ogly Ahan+ ýok edilmeli zatlaryň+ käbirini aldy. Şonda Ýehowanyň ysraýyllara gahary geldi+.
2 Ýuşa Ýerihondan Aý şäherine+ adam iberip: «Gidiň-de, ýurdy gözden geçiriň» diýdi. Aý şäheri Beýtaweniň golaýynda, Beýteliň+ gündogarynda ýerleşýärdi. Olar gidip, Aý şäherini gözden geçirdiler. 3 Soňra Ýuşanyň ýanyna gelip: «Şäheriň ilaty az eken, iki-üç müň esger bilenem basyp alyp bolýar, tutuş goşuny ibermek gerek däl. Esgerleri kösäp, hemmesini iberip oturma» diýdiler.
4 Şeýlelikde, 3 000 esger söweşe gitdi. Emma olar Aý şäheriniň adamlaryndan ýeňlip gaçdylar+. 5 Aý şäheriniň adamlary ysraýyllary derwezeden aşaklygyna Şebarime* çenli kowaladylar. Ysraýyllaryň 36 esgeri wepat boldy. Şonda olar gorkup, howsala düşdüler*.
6 Ýuşa bilen halkyň ýaşululary ýakasyny ýyrtyp, agşama çenli Ýehowanyň äht sandygynyň öňünde bagryny ýere berip ýatdylar, başyndan gum sowurdylar. 7 Ýuşa: «Eý Älemiň Hökümdary Ýehowa, halky amorlaryň eline bermek üçin Iordandan geçirdiňmi? Iordanyň aňyrsynda* galan bolsak gowy bolardy! 8 Ýehowa, günämi geç, başga näme diýeýin? Halk duşmandan ýeňlip gaçdy. 9 Indi kenganlar we ýurtdaky beýleki halklar muny eşidip, daşymyzy gabamazmy? Olar halkyňy gyrsa, beýik adyňa ysnat gelmezmi?»+ diýdi.
10 Ýehowa Ýuşa: «Ýeriňden tur! Näme ýüzüňi ýere berip ýatyrsyň? 11 Ysraýyllar günä etdiler, tabşyrygyma gulak asman, ähtimi bozdular+. Ýok edilmeli zatlardan+ ogurlap+ gizlediler+. 12 Şonuň üçin ysraýyllar duşmana garşy durup bilmez, gaýtam ýeňlip gaçarlar. Halk başyna bela satyn aldy*. Ýok edilmeli zatlary araňyzdan aýyrmasaňyz, size kömek etmerin+. 13 Tur-da, halka tämizlenmegi tabşyr+. Olara şeýle diý: „Ertire çenli özüňizi tämizläň, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Eý ysraýyl halky, araňyzda ýok edilmeli zatlar bar. Olary aýyrmasaňyz, duşmana garşy durup bilmersiňiz. 14 Ertir irden ähli taýpalar ýygnansyn. Ýehowa haýsy taýpany saýlasa+, şol taýpa öňe çyksyn. Soňra olardan Ýehowanyň saýlan tiresi öňe çyksyn. Şol tireden haýsy maşgala saýlansa, şol maşgala öňe çyksyn. Ýehowanyň saýlan maşgalasyndaky adamlar ýeke-ýekeden öňe çyksyn. 15 Ýok edilmeli zatlar kimden çyksa, şol adamy ähli zady bilen otlaň+. Sebäbi ol Ýehowanyň ähtini bozup+, Ysraýylda masgaraçylyk etdi“» diýdi.
16 Ertesi Ýuşa daň bilen turup, halky taýpa-taýpa edip öňe çykardy. Şonda ýahuda taýpasy saýlandy. 17 Ýuşa ýahuda taýpasynyň tirelerini öňe çykaranda, zera+ tiresi saýlandy. Zeralar ýeke-ýekeden öňe çykanda, Zabdy saýlandy. 18 Ýuşa Zabdynyň maşgalasyny ýeke-ýekeden öňe çykaranda, ýahuda taýpasynyň zera tiresinden, Zabdynyň agtygy, Karminiň ogly Ahan saýlandy+. 19 Ýuşa Ahana: «Hany, oglum, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň öňünde* etmişiňi boýun al. Näme eden bolsaň, hiç zady gizlemän aýt» diýdi.
20 Şonda Ahan: «Boýun alýaryn, men Ysraýyl Hudaýy Ýehowa garşy günä etdim. 21 Oljalaryň arasynda owadan Şyngar+ donuny, 200 şekel* kümşi, agramy 50 şekel bir tokga altyny görüp durup bilmedim. Olary alyp, çadyrymda gömdüm, altyn-kümşi hem aşagynda goýdum» diýdi.
22 Ýuşa dessine adam iberdi. Olar ylgap, Ahanyň çadyryna baryp görseler, hakykatdanam, don gizlengi eken, aşagynda-da altyn-kümüş bar eken. 23 Olary çadyrdan çykaryp, Ýuşa we ysraýyllara getirip berdiler, soňra Ýehowanyň öňünde goýdular. 24 Ýuşa bilen ysraýyllar Zera ogly Ahany+, onuň alan kümşüni, gymmatbaha donuny, bir tokga altynyny+, ogul-gyzlaryny, öküzlerini, eşeklerini, maýda mallaryny, çadyryny we ähli zadyny Akor jülgesine+ äkitdiler. 25 Ýuşa Ahana: «Näme üçin başymyza bela getirdiň?+ Indi Ýehowa öz başyňa bela getirer» diýdi. Soňra bütin halk olary daşlady+, jesetlerini bolsa ýakdylar+. Şeýlelikde, olaryň ählisi daşlanyp öldürildi. 26 Olaryň üstüne daş üýşürdiler, şol daş üýşmegi henizem dur. Şondan soň Ýehowanyň gahary köşeşdi+. Şol jülgäniň ady Akor* bolup galdy.