Serdarlar
1 Ýuşa aradan çykandan+ soňra ysraýyl ogullary Ýehowadan: «Kenganlaryň garşysyna ilki haýsymyz söweşe çykmaly?» diýip soradylar+. 2 Ýehowa olara: «Ýahuda çykar+. Men ýurdy onuň eline berdim» diýip jogap berdi. 3 Şonda ýahuda taýpasy şimgon taýpasyna: «Ýörüň, bize berlen ýeri*+ eýelemek üçin kenganlar bilen söweşmäge gideliň. Soňra bizem size berlen ýeri eýelemäge kömek ederis» diýdi. Şimgon taýpasy olara kömek etmäge gitdi.
4 Ýahuda taýpasy söweşe çykdy. Ýehowa kenganlary we perizleri olaryň eline berdi+. Olar Bezekde 10 000 adamy öldürdiler. 5 Olar Bezekde Adonybezegi hem gözläp tapdylar we söweşdiler, kenganlary+ hem perizleri+ gyrdylar. 6 Emma Adonybezek gaçyp gitdi. Olar Adonybezegi kowalap tutdular, eliniň we aýagynyň başam barmaklaryny çapdylar. 7 Şonda Adonybezek: «Men 70 patyşanyň eliniň we aýagynyň başam barmaklaryny çapypdym. Olar saçagymdan galan-gaçan çörekleri iýerdiler. Ine, Hudaý olara edenimi öz başyma getirdi» diýdi. Soňra Adonybezegi Iýerusalime+ getirdiler. Adonybezek şol ýerde aradan çykdy.
8 Ýahuda taýpasy Iýerusalimi+ basyp aldy, ilatyny gylyçdan geçirdi, şäheri bolsa otlady. 9 Soňra olar Negepde, Şepelada+ we daglarda ýaşaýan kenganlar bilen söweşmäge gitdiler. 10 Olar Hebronda (öňki ady Kirýat-arba) ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, Şeşaýy, Ahymany we Talmaýy* gyrdylar+.
11 Soňra olar Debiriň ilatynyň üstüne çozdular+. Öň Debiriň ady Kirýat-seperdi+. 12 Kalep+: «Kirýat-seperi basyp alana gyzym Akşany berjek»+ diýdi. 13 Şäheri Kalebiň inisi Kenazyň+ ogly Otnyýel+ basyp aldy. Kalep oňa gyzy Akşany berdi. 14 Akşa gaýyn öýüne ugramanka, kakasy Kalepden ýer soramagy ärinden haýyş etdi. Ol eşekden düşende*, kakasy: «Gyzym, näme isleýäň?» diýip sorady. 15 Gyzy: «Kaka, maňa günortadaky* takyrlygy berdiň. Haýyş edýärin, Gullot-maýymy* hem maňa beräý!» diýdi. Kalep gyzyna ýokarky Gulloty we aşaky Gulloty berdi.
16 Musanyň gaýynatasynyň+ neslinden kenler+ ýahudalar bilen palma agaçly şäherden*+ çykyp, Aratyň+ günortasyndaky Ýahudanyň çölüne gitdiler. Olar ýerli halkyň arasynda ornaşdylar+. 17 Ýahuda taýpasy şimgon taýpasy bilen Sepatdaky kenganlaryň üstüne çozdular. Olaryň şäherini derbi-dagyn edip+, adyna Horma*+ goýdular. 18 Soňra ýahuda taýpasy Gazany+, Aşkelony+, Ekrony+ we daş-töweregini basyp aldy. 19 Ýehowa olary goldaýardy. Ýahudalar daglyk ýerleri eýelediler, emma düzde ýaşaýan adamlary boýun egdirip bilmediler. Sebäbi olaryň tigirleri kesgir gylyçly söweş arabalary bardy+. 20 Musanyň wada berişi ýaly, Hebrony Kalebe berdiler+, ol hem Anagyň üç ogluny+ kowup çykardy.
21 Benýaminler Iýerusalimden ýabuslary kowmadylar. Olar häzire çenli Iýerusalimde ýaşaýarlar+.
22 Ýusubyň nesilleri+ bolsa Beýtele garşy söweşe çykdy, Ýehowa hem olary goldady+. 23 Olar Beýteli (şäheriň öňki ady Luz)+ gözden geçirmäge adam ugratdylar. 24 Olar şäherden çykyp gelýän bir adama duşup: «Şähere barýan ýoly görkezseň, saňa rehim ederis*» diýdiler. 25 Şonda ýaňky adam olara şähere barýan ýoly görkezdi. Olar şäheriň ilatyny gylyçdan geçirdiler, emma ol adama we maşgalasyna rehim etdiler+. 26 Ol adam hetleriň ýurduna baryp, bir şäher gurdy we adyna Luz dakdy. Şäher häzirem şol ady göterýär.
27 Manaşanyň nesilleri Beýtşeýany, Tanahy+, Dory, Iblegamy, Megiddony we daş-töweregindäki galalary basyp almadylar+, sebäbi kenganlary ýurtdan çykaryp bilmediler. 28 Ysraýyllar kuwwatlanyp, kenganlary gul edip işletdiler+, ýöne ýurtdan kowup bilmediler+.
29 Efraýymyň nesilleri Gezerdäki kenganlary kowmadylar. Kenganlar hem olar bilen Gezerde ýaşadylar+.
30 Zebulunyň nesilleri Kitronyň we Nahalolyň+ halkyny kowup çykarmadylar. Kenganlar hem olar bilen ýaşap, gul ýaly işlediler+.
31 Aşeriň nesilleri Akkonyň, Sidonyň+, Ahlabyň, Akzybyň+, Helbanyň, Apigiň+ we Rehobyň+ ilatyny kowup çykarmady. 32 Aşerler kenganlary kowmansoň, olar bilen ýaşadylar.
33 Naftalynyň nesilleri Beýtşemeşiň we Beýtanatyň+ halkyny kowman, kenganlaryň arasynda ýaşadylar+. Emma Beýtşemeşiň we Beýtanatyň halkyny gul edip işletdiler.
34 Amorlar Danyň nesillerini daglara tarap gysdylar, olary düzlüge goýbermediler+. 35 Amorlar Heres dagynda, Aýalonda+ we Şegalbimde+ ýaşadylar. Ýöne Ýusubyň nesilleri kuwwatlanyp, olary gul edip işletdiler. 36 Amorlaryň ýeri Akrap depesinden+ başlap, Seladan daglara tarap uzalyp gidýärdi.