1 Şamuwel
8 Şamuwel garran çagy ogullaryny Ysraýyla kazy edip belledi. 2 Uly oglunyň ady Ýowel, kiçisiniňki Abyýardy+. Olar Beýer-şebada kazylyk edýärdiler. 3 Emma olar kakasynyň göreldesine eýermeýärdiler, haram gazanja kowalaşyp+, para alýardylar+, adalatsyzlyk edýärdiler+.
4 Bir gün ysraýyl ýaşululary jemlenip, Şamuweliň ýanyna, Rama geldiler. 5 Olar: «Sen-ä garrapsyň, ogullaryň bolsa seniň öwreden ýoluňdan ýöränok. Bize patyşa belle, goý, üstümizden höküm sürsün*, bizem başga halklar ýaly bolaly»+ diýdiler. 6 Emma olaryň patyşa* belle diýmegi Şamuwele ýaramady, ol Ýehowa doga etdi. 7 Ýehowa bolsa: «Halkyň aýdanyny et. Olar senden däl-de, menden ýüz öwürdiler. Meni öz patyşasy hasaplamadylar+. 8 Müsürden çykaran günümden bäri menden ýüz öwrüp+, başga taňrylara sežde edýärler+. Maňa eden zatlaryny indi saňa-da edýärler. 9 Olaryň aýdyşy ýaly et, ýöne patyşanyň olardan näme talap etjekdigini öňünden duýdur» diýdi.
10 Şamuwel hem patyşa soran halka Ýehowanyň sözlerini ýetirdi. 11 Şamuwel olara: «Üstüňizden höküm sürjek patyşanyň şeýle zatlary talap etmäge haky bolar+: ol ogullaryňyzy alyp+, söweş arabalaryny sürdürer+, atly goşunynda gulluk etdirer+, käbirini öz arabalarynyň öňünden ylgadar. 12 Müňbaşylary+, ellibaşylary+ bellär. Käbirine ýerini sürdürip+, hasylyny ordurar+, käbirine bolsa uruş ýaraglaryny, söweş arabalarynyň şaýlaryny ýasadar+. 13 Gyzlaryňyzy alyp, atyr ýasadar, nahar bişirdip, çörek ýapdyrar+. 14 Ekiniňiziň, üzümligiňiziň, zeýtun bagyňyzyň iň gowusyny eliňizden alyp+, hyzmatkärlerine berer. 15 Galla we üzüm hasylyňyzyň ondan bir bölegini köşk emeldarlaryna hem-de hyzmatkärlerine berer. 16 Gul-gyrnaklaryňyzy, iň gowy mallaryňyzy*, eşekleriňizi alyp, öz işi üçin ulanar+. 17 Maýda mallaryňyzyň ondan birini eliňizden alar+, özüňizem gul bolarsyňyz. 18 Şeýle günler geler, saýlan patyşaňyz sebäpli perýat edersiňiz+, emma Ýehowa jogap bermez» diýdi.
19 Ýöne halk Şamuwele gulak asman: «Näme bolsa, şo bolsun, bize patyşa belle. 20 Bizem beýleki halklar ýaly bolaly. Patyşa üstümizden höküm sürüp*, ýol görkezer, duşmanlar bilen söweşer» diýdi. 21 Şamuwel olaryň diýen zatlaryny Ýehowa aýtdy. 22 Şonda Ýehowa: «Olaryň aýdyşy ýaly et-de, patyşa belle»+ diýdi. Şamuwel hem ysraýyllara: «Her kim öz şäherine gaýtsyn» diýdi.