34 Ol ýakasyny ýyrtyp, biline jul orap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy. 35 Ogul-gyzlary Ýakuba göwünlik berjek bolýardy, ýöne ol çagalaryny diňlemän: «Indi ölýänçäm*+, oglumyň ýasyny tutaryn!» diýdi. Kakasy Ýusup üçin köp wagtlap hasrat çekdi.
38 Emma Ýakup: «Ýok, oglum siz bilen gitmez. Şonsuzam agasy ölüp, ýeke galdy+. Ýolda çagama bir zat bolaýsa, çal başymy agyr derde salarsyňyz+. Soň meni göni äkidip jaýlaýmaly bolarsyňyz*»+ diýdi.