19 Janly-jandarlar hem aman galar ýaly, her görnüşinden+ erkek-urkaçy+ edip bir jübütini gämä sal. 20 Asmanda uçýan jandarlaryň, öý haýwanlaryň, süýrenijileriň her görnüşinden bir jübüti ýanyňa gelip, gämä girer. Şeýdip, olar hem halas bolar+.
7 Nuh pygamber iman edendigi üçin+ heniz görünmeýän zatlar hakda Hudaýdan duýduryş aldy+ we Ondan gorkup, öý-içerisini halas etmek üçin gämi gurdy+. Nuh imany bilen dünýäni höküm etdi+ we imany arkaly dogruçyl adam hasaplandy.