Birinji Musa
6 Ýer ýüzünde adamlar barha köpelýärdi. Olaryň gyzlary hem boldy. 2 Hak Hudaýyň ogullary*+ ynsan gyzlarynyň owadandygyna üns berip başladylar. Olar göwünlerine ýaran gyzlary aýal edip aldylar. 3 Şonda Ýehowa: «Men* günäli* ynsana çydap ýörmerin+. Goý, ol 120 ýyl ýaşasyn*»+ diýdi.
4 Şol wagtlar hak Hudaýyň ogullary ynsan gyzlary bilen ýaşaşýardy; olaryň ogullary boldy. Şeýdip, ýer ýüzünde pilmahmytlar* döredi. Olar şol döwürde güýçli we meşhur adamlardy.
5 Ýehowa ýer ýüzündäki adamlaryň köp erbetlik edýändigini, ýüregindäki oý-pikirleriniň diňe ýamanlykdygyny+ gördi. 6 Şonda Ýehowa ýer ýüzünde adamlary ýaradanyna gynandy*, ýüregi para-para boldy+. 7 Ýehowa: «Men ýaradan adamlarymy ýer ýüzünden ýok edeýin. Adamlary, öý haýwanlary, süýrenijileri, asmanda uçýan jandarlary-da ýok edeýin, olary ýaradanyma gynanýaryn*» diýdi. 8 Nuh bolsa Ýehowany razy edip ýaşaýardy.
9 Nuhuň ömri şeýledir.
Nuh hudaýhon* adamdy+. Ol döwürdeşlerinden tapawutlylykda, halal ýaşaýardy*. Hak Hudaýyň ýolundan ýöreýärdi*+. 10 Wagtyň geçmegi bilen, Nuhuň Sam, Ham we Ýafet+ atly üç ogly boldy. 11 Ýer ýüzi bolsa hak Hudaýyň öňünde aýylganç ýagdaýdady, zorluk-sütemden dolupdy. 12 Hudaý ýer ýüzüne syn etdi, dünýä elhenç ýagdaýdady+, ynsanlaryň bary ýoldan çykypdy+.
13 Soňra Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin adamzady ýok etmegi ýüregime düwdüm, olardan ýaňa ýer ýüzi zalymlykdan doldy. Şonuň üçin dünýäni ýer bilen ýegsan edip, adamlaryň baryny heläk etjek+. 14 Özüňe serwi agajyndan gämi* ýasa+, içinde otaglar hem bolsun. Gäminiň içine-daşyna gara şepbik*+ çal. 15 Uzynlygy 300 tirsek*, ini 50 tirsek, beýikligi 30 tirsek bolsun. 16 Içine ýagty düşer ýaly, ýokarsynda bir tirsek edip penjire* ýasa. Gämi üç gat bolsun, gapysyny gapdalyndan+ goý.
17 Men bütin dünýäni suw+ aldyryp, ähli janly-jandary* gök astyndan ýok ederin. Ýer ýüzündäki janly-jandarlaryň bary heläk bolar+. 18 Men seniň bilen äht baglaşýaryn. Aýalyňy, ogullaryňy, gelinleriňi al-da, gämä gir+. 19 Janly-jandarlar hem aman galar ýaly, her görnüşinden+ erkek-urkaçy+ edip bir jübütini gämä sal. 20 Asmanda uçýan jandarlaryň, öý haýwanlaryň, süýrenijileriň her görnüşinden bir jübüti ýanyňa gelip, gämä girer. Şeýdip, olar hem halas bolar+. 21 Özüňe-de, haýwanlara-da iýmit bolar ýaly, dürli-dümen zatlary+ ýygnap, gämä sal».
22 Nuh Hudaýyň tabşyran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi. Ähli zady aýdylyşy ýaly etdi+.