Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/12 sah. 30—31
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • «Ol Hudaýyň huzurynda gezdi»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Nuhuň tupany. Kim gulak asdy, kim asmady?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
  • Nuh gämi gurýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Nuhuň ýasan gämisi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/12 sah. 30—31

Okyjylaryň sowallary

Biz Gelip çykyş 6:3-de şeýle sözleri okaýarys: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar». Ýehowa adamlaryň ömrüni 120 ýyla gysgaltdymy? Nuh Tupanyň boljakdygy barada şeýle uzak wagtlap wagyz etdimi?

Bu soraglara «Ýok» diýip jogap berip bileris.

Adamlar Tupandan öň ýüzlerçe ýyl ýaşapdyrlar. Tupan bolanda Nuh 600 ýaşyndady we ol jemi 950 ýaşady (Gel. çyk. 7:6; 9:29). Tupandan soň hem dünýä inen adamlar 120 ýyldan-da köp ýaşapdyrlar. Meselem, Arpakşat 438, Şelah bolsa 433 ýyl ýaşapdyr (Gel. çyk. 11:10—15). Emma Musanyň döwründe adamlar 70—80 ýyl ýaşaýardylar (Zeb. 90:10). Diýmek, Gelip çykyş 6:3-däki sözler adamyň ömrüniň 120 ýyla gysgaldylandygyny görkezmeýär.

Onda Hudaý Nuha ýene 120 ýyldan adamzady ýok etjekdigini duýdurdymy? Ýok. Hudaý Nuh bilen birnäçe sapar gepleşdi. Gelip çykyş 6:13-de biz şeýle okaýarys: «Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy». Mundan ençeme ýyl geçenden soň, Nuh uly gämini gurýar we soňra «Reb Nuha şeýle diýdi: «Ähli maşgalaň bilen gämä mün» (Gel. çyk. 7:1). Ýehowanyň Nuh bilen gepleşendigi barada başga-da mysallar bar (Gel. çyk. 8:15; 9:1, 8, 17).

Emma Gelip çykyş 6:3-däki sözler tapawutlanýar. Onda Nuh barada agzalmaýar we Hudaýyň oňa ýüzlenendigi barada-da aýdylmaýar. Bu sözler Hudaýyň niýetini ýa-da gelen kararyny görkezýär (Gelip çykyş 8:21-i deňeşdiriň). Töwrat kitabynda: «Hudaý... diýdi» diýilýär. Hudaý bu sözleri Adam ata ýaradylmazyndan ençeme wagt öň aýdypdy (Gel. çyk. 1:6, 9, 14, 20, 24). Görşümiz ýaly, Ýehowa ýer ýüzündäki adamlara ýüzlenmändir, çünki heniz ynsan ýaradylmandy.

Diýmek, Gelip çykyş 6:3-de Hudaýyň ýer ýüzündäki zalymlyklary ýok etjekdigi barada gelen karary aýdylýar. Ýehowa ony 120 ýyldan ýerine ýetirjekdigini aýdýar, emma Nuh bu barada bilmeýärdi. Ýöne näme üçin wagt çäklidi? Näme üçin garaşmalydy?

Pawlus resul şeýle düşündirdi: «Nuhuň günlerinde gämi ýasalyp ýörkä, Hudaýyň sabyrly garaşýan wagty... gämide... az, ýagny sekiz adam suw bilen gutuldy» (1 Pet. 3:20). Hawa, heniz edilmeli işleri bardy, şol sebäpli Hudaý gelen kararyny 120 ýyldan ýerine ýetirýär. Takmynan 20 ýyldan soňra Nuhuň çagalary dünýä inýär (Gel. çyk. 5:32; 7:6). Onuň üç ogly boldy we olar hem öýlendiler. Indi Nuhuň maşgalasynda «sekiz adam» bardy. Soňra olar gämi gurdular. Eger gäminiň göwrümini we Nuhuň maşgala agzalarynyň sanyny göz öňüne tutsak, elbetde, bu iş aňsat däldi. Eger Hudaý 120 ýyl sabyr etmedik bolsa, onda bu işler we sekiz sany Hudaýa wepaly adamyň jany «suw bilen gutulmazdy».

Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň Nuha Tupanyň boljakdygy barada haçan aýdandygy agzalmaýar. Nuhuň ogullary dünýä inmelidiler we ulalyp, öýlenmelidiler. Megerem, Tupanyň gelmegine 40—50 ýyl galan bolmaly. Ýehowa Nuha: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak» diýdi. Şeýle-de Hudaý Nuha uly gämi gurup, ähli maşgalasy bilen oňa girmelidigini aýdýar (Gel. çyk. 6:13—18). Soňky onýyllykda Nuhuň dogry adam bolup ýaşandygy has aýdyň boldy. Ol «dogrulyk wagyzçysy» bolup, Hudaýyň çykaran kararyny yglan etdi, ýagny şol döwürdäki hudaýsyz adamlaryň heläk ediljekdigini aýtdy. Nuh ol günüň haçan geljegini bilmeýärdi, ýöne onuň hökman boljagyna ynanýardy. Siz hem ol günüň bolandygyny bilýärsiňiz! (2 Pet. 2:5).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş