Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/12 sah. 26—30
  • Men hakykatyň güýjüni gördüm

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Men hakykatyň güýjüni gördüm
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Missioner gullugy
  • Wagyz işine görkezilen garşylyk
  • Florensiýa — gözel şäher
  • Afrikada gulluk edýäris
  • Italiýa dolanýarys
  • Biz dogry ýoly saýladyk
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/12 sah. 26—30

Men hakykatyň güýjüni gördüm

Wito Fraýeze gürrüň berdi

SIZ Trentinara diýen ady, belki-de, eşiden dälsiňiz. Bu şäherçe Neapolyň (Italiýa) günortasynda ýerleşýär. Meniň kakam bilen ejem we agam Anjelo Trentinara şäherinde dünýä indiler. Agam Anjelo dünýä inenden soň, ata-enem ABŞ-a göçüp, Nýu-Ýork ştatynyň Roçester şäherinde ýaşap başladylar. Men 1926-njy ýylda dünýä indim. Kakam Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler (şol wagt Ýehowanyň Güwäçilerine şeýle diýilýärdi) bilen 1922-nji ýylda tanyşýar. Birnäçe wagtdan kakam bilen ejem Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň hataryna goşuldy.

Kakam örän parahat adam, ýöne adalatsyzlygy görende, onuň gahary gelýärdi. Ol dini buthanalaryň adamlary tümlükde saklaýanlygyna çydap bilmeýärdi. Şonuň üçin ol Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty gürrüň bermäge ýekeje mümkinçiligini-de sypdyrmaýardy. Ol pensiýa çykyp, tä 74 ýaşyna çenli pioner bolup gulluk edýär. Emma saglyk ýagdaýy we gazaply gyş sebäpli ony goýmaly bolýar. Ýöne ol 90 ýaşlarynda-da, aýda 40-60 sagat wagyz edýärdi. Kakamyň göreldesi maňa gowy täsir etdi. Ol agras adam bolsa-da, degişmäni-de başarýardy. Ol köplenç: «Hakykata çynlakaý garamaly» diýýärdi.

Kakam bilen ejem biziň bäşimize-de Hudaýyň Sözüni öwretmäge jan edýärdi. Men 1943-nji ýylyň 23-nji awgustynda suwda çokundyryldym. 1944-nji ýylyň iýunynda pioner gullugyna başladym. Meniň aýal doganym Karmela Nýu-Ýorkyň Ženewe şäherinde Fern atly dogumly uýa bilen pioner bolup gulluk edýärdi. Men Ferni görenimde, bütin ömrümi onuň bilen geçirmek isleýändigime düşündim. Biz 1946-njy ýylyň awgust aýynda durmuş gurduk.

Missioner gullugy

Bizi ilki Jeniwa we Noruiç (Nýu-Ýork ştaty) şäherlerinde ýörite pioner bolup gulluk etmäge bellediler. 1948-nji ýylyň awgust aýynda bize Gilead mekdebiniň 12-nji klasynda okamaga mümkinçilik berildi. Soňra bizi we är-aýal Karl, Joann Rijueýleri Italiýanyň Neapol şäherinde gulluk etmäge iberdiler. Uruş tamamlansa-da, Neapol şäheriniň ýagdaýy öwerlik däldi. Ýaşaýyş jaýyny tapmak kyndy, şol sebäpli biz birnäçe aýlap iki otagly kiçijik jaýda ýaşadyk.

Meniň kakam bilen ejem italýan diliniň neapolitan şiwesinde gepleýärdiler. Şol sebäpli men italýan dilini bilýärdim, ýöne geplänimde amerikalydygym bilinýärdi, muňa garamazdan, adamlar maňa düşünýärdi. Ferna bolsa italýança geplemek kyndy. Emma ol dili çalt öwrenip, basym menden-de gowy gepläp başlady.

Ilkibaşda, Neapol şäherinde diňe bir maşgala hakykat bilen gyzyklandy. Bu maşgalada dört adam ýaşaýardy. Olar gadagan edilen çilimi satýardy. Tereza atly zenany her iş günleri üýtgeşik ýagdaýda görse bolýardy. Onuň egin-eşiginde birnäçe jübi bardy, ol jübülerini çilimden dykyp doldurýardy. Tereza irden semiz görünýärdi, agşamyna bolsa horajyk bolýardy. Hudaý baradaky hakykat bu maşgalany bütinleý özgertdi. Şeýlelikde, onuň 16 agzasy Ýehowanyň Güwäçisi boldy. Häzir Neapol şäherinde 3700-den gowrak Güwäçi wagyz edýär.

Wagyz işine görkezilen garşylyk

Biz Neapolda dokuz aý wagyz edenimizde, häkimiýet tarapyndan garşylyga sezewar bolduk. Şondan soň biziň dördimiz-de şäherden gitmeli bolduk. Biz bir aý Şweýsariýada bolup, syýahatçy wizasy bilen Italiýa dolandyk. Meni aýalym Fern bilen Turin şäherine wagyz etmäge iberdiler. Biz bir aýalyň otagyny kireýine aldyk. Karl bilen Joann Turin şäherine gelenlerinde bolsa, biz olar bilen bir jaýy kireýine aldyk. Soňra bäş sany missioner är-aýal hem bize golaý ýerde kireýine jaý alyp ýaşadylar.

1955-nji ýylda häkimiýet ýolbaşçylary Turin şäherinden gitmegimizi talap edende, ol ýerde dört sany täze ýygnak açylypdy. Häzir bu ýygnaklara ýerli doganlar gözegçilik edýär. Häkimiýet ýolbaşçylary bize: «Siz, amerikanlar, haçan hem bolsa bu ýerden gidersiňiz. Siziň eden işleriňizden nam-nyşan galmaz» diýipdiler. Emma ruhy ösüş dowam edýär, bu bolsa gazanylýan üstünlikleriň Hudaýdandygyny görkezýär. Häzir Turin şäherinde 56 ýygnak we 4600-den hem köp Güwäçi bar.

Florensiýa — gözel şäher

Bizi soňra Florensiýa wagyz etmäge iberdiler. Biz bu şäher barada köp eşidýärdik. Bu şähere meniň aýal doganym Karmela we onuň ýanýoldaşy Merlin Hartsleri missioner edip belläpdiler. Şäheriň Pýassa della Sinoriýa, Ponte Wekko, Pýassale Mikelanjelo we Palasso Pitti diýen ýerleri diýseň owadan! Florensiýanyň ýaşaýjylarynyň hoş habara seslenişini görüp begenýärsiň.

Biz bir maşgala bilen okuwa başladyk. Bu är-aýal suwda çokundyryldy. Emma äri çilim çekýärdi. 1973-nji ýylda «Garawuly diňi» žurnalynda çilimiň ýaramaz endikdigi ýazylyp, okyjylaryň ony taşlamalydygy barada ündeldi. Şonda maşgalanyň uly çagalary kakasyndan çilim çekmezligi haýyş edýärler. Kakasy çagalaryna söz berse-de, çilim çekmek endigini goýup bilmeýär. Bir güni agşam aýaly dokuz ýaşly ekiz ogullary bilen bilelikde Ýehowa doga etmän, olary ýatmaga iberýär. Soňra ol biynjalyk bolup, olaryň otagyna barýar. Ejesi baranda, çagalar eýýäm doga eden eken. Ol çagalaryndan: «Siz näme barada doga etdiňiz?» diýip soraýar. Olar: «Ýehowa, haýyş edýäris, kakama çilimi taşlamaga kömek et» diýip jogap berýärler. Aýaly ärini çagyryp: «Çagalaryň dogasyny diňlesene!» diýýär. Kakasy olaryň dogasyny eşidende, aglap: «Men indi hiç haçan çilim çekmerin!» diýip, söz berýär. Ol sözünde-de durýar. Häzir bu maşgalanyň 15 agzasy Ýehowanyň Güwäçisi.

Afrikada gulluk edýäris

1959-njy ýylda bizi we iki missioneri, ýagny Arturo Lewerisi hem-de agam Anjelony Somaliniň Mogadişo diýen ýerine iberdiler. Ol ýerde ýurduň syýasy ýagdaýy gowy däldi. Italiýanyň hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň tabşyrygy boýunça Somali ýurdunyň garaşsyz bolmagyna kömek etmelidi. Emma Somali ýurdunyň ýagdaýy has-da erbetleşýärdi. Biziň okuw geçýän italiýaly adamlarymyzyň käbiri ýurdy terk etdiler. Hatda bu ýerde ýygnak döretmäge hiç hili mümkinçilik ýokdy.

Şol döwürde filiallara seredýän gözegçi dogan maňa özüniň kömekçisi bolmagy teklip etdi. Şeýdip, biz ýurduň dürli ýerlerine aýlanyp başladyk. Okuw geçýän adamlaryň käbiri ruhy taýdan össe-de, garşylyklar sebäpli watanyny terk edip gitdiler. Emma käbiri horluk çekseler-de galdylar. Olaryň Ýehowa bolan söýgüsi we Oňa wepaly galmak üçin çeken ejirleri barada oýlananymyzda, gözümiz ýaşdan dolýar.

Somali hem Eritreýa ýurtlarynyň howasy örän gyzgyn we çygly bolýardy. Käbir milli naharlary iýeniňde bolsa, ol howadan hem beter gyzdyrýardy. Biz birinji sapar şeýle nahary Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän bir aýalyň öýünde iýipdik. Şonda aýalym degşip: «Gyzgyn nahardan ýaňa gözüm gyzaryp gitdi» diýdi.

Anjelo bilen Arturony başga ýere iberenlerinde, biz ýeke galdyk. Olaryň gitmegi bize agyr degdi, çünki bizi ruhlandyrar ýaly hiç kim ýokdy. Emma bu ýagdaý bize Ýehowa has-da ýakynlaşmagy we oňa doly bil baglamagy öwretdi. Aslynda, wagyz işi gadagan edilen ýurtlarda gulluk etmek ruhy goldaw berýärdi.

Biz Somalide dürli kynçylyklary başdan geçirdik. Bizde sowadyjy ýokdy, şol sebäpli bir günlük iýjek zatlarymyzy satyn alýardyk. Meselem, akulanyň bir bölek etini we mango, papaýýa, greýpfrut, kokos ýa-da banan ýaly ýerli ir-iýmişleri alýardyk. Biz köplenç mör-möjekler bilen göreşip, däli bolýardyk. Käte olar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän wagtymyz bize päsgel berýärdi. Biziň motorollerimiz bardy, sebäbi Günüň aşagynda uzak wagtlap ýöräp bolmaýardy.

Italiýa dolanýarys

Biz jomart dostlarymyzyň kömegi bilen, 1961-nji ýylda Italiýanyň Turin şäherinde geçirilýän Halkara kongresine gatnaşdyk. Olar bizi banan gatnadýan gämide ugratdylar. Biz başga ýere wagyz etmäge ibermeklerine garaşýardyk. Şeýlelikde, biz 1962-nji ýylyň sentýabr aýynda Italiýa dolandyk we etrap gözegçisi gullugyna başladyk. Biz kiçi ulagy satyn alyp, onda bäş ýyllap iki etrabyň territoriýasyny ideg etdik.

Jöwzaly Afrika ýurdundan soň, indi biz şatlap duran aýaz bilen göreşmeli bolýardyk. Biz birinji gyşymyzda Alp dagynyň eteginde ýerleşýän ýygnagy ideg etdik. Biz şonda gijäni hiç hili ýylydyjy enjamy bolmadyk otagda bedäniň üstünde ýatyp geçirdik. Gijesine şeýle bir sowukdy welin, biz hatda paltomyzy-da çykarman ýatdyk. Şol gije sowukdan ýaňa dört towuk we iki it öldi.

Soňra meni welaýat gözegçisi edip bellediler. Şol ýyllary biz bütin Italiýany aýlanyp çykdyk. Biz Kalabriýa we Sisiliýa ýaly ýerleri ençeme gezek ideg etdik. Biz ýaş dogan-uýalaryň ruhy taýdan ösýändigini we olaryň ýygnak ýaşulysy, aýlanýan gözegçi hem Beýtel gullukçysy bolmak üçin goýýan maksatlaryny görüp ruhlanýardyk.

Biz Ýehowa ýürekden gulluk edýän dostlarymyzdan köp zatlary öwrendik. Biz olaryň jany-teni bilen Ýehowa bolan wepalylyk, jomartlyk, doganlyk söýgüsi, eglişiklik we janaýamazlyk ruhy ýaly häsiýetlerini gymmat saýýarys. Biz Patyşalyk zalynda geçirilen nika toýlaryna gatnaşdyk. Maşgala gurýanlary Güwäçileriň özi nikadan geçirýärdi, çünki bizi dini gullukçylar hökmünde kanun tarapyndan ykrar etdiler. Ýöne ençeme ýyl mundan öň bu ýurtda beýle zat asla mümkin däldi. Öň Turin şäherindäki ýygnaklarda uzyn tagtalar düzüşdirilip oturylýardy ýa-da olar doganlaryň aşhanasynda geçirilýärdi. Emma indi ýygnaklaryň köpüsi Ýehowany şöhratlandyrýan owadan Patyşalyk zallarynda geçirilýär. Häzir kongresler hem eleşan görnüşli teatrlarda däl-de, giň Kongres zallarynda geçirilýär. Biz Italiýa gelenimizde, ol ýerde bary-ýogy 490 wagyzçy bardy. Häzir bolsa olaryň sany 243 000-den hem köp.

Biz dogry ýoly saýladyk

Biz watanyňy küýsemek, keselçilik we başga-da birnäçe kynçylyklary başdan geçirdik. Fern her gezek deňzi görende, öýüni küýsärdi. Şeýle-de ol üç sany agyr operasiýany geçirdi. Bir gezek ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge barýarka, bir adam çarşak bilen onuň üstüne topulýar. Şeýdip, ol ýene-de keselhana düşýär.

Käte biz gam-gussa batsak-da, Ýeremiýanyň agysy 3:24-de aýdylyşy ýaly, «Ýehowa garaşýardyk». Ol, hakykatdanda, teselliler Hudaýy. Bir gezek biz kyn ýagdaýa düşende, aýalym Fern doganymyz Neýtan Norrdan hat aldy. Ol Betlehemiň (Pensilwaniýa ştaty) golaýynda dünýä ineni üçin, pensilwaniýaly nemes aýal-gyzlaryň dogumly we tutanýerli bolýandygyny bilýärdi. Ol hatynda Ferniň hem şeýle häsiýetleri bilen tapawutlanýandygyny aýdýar. Ol mamlady. Hawa, bize köp adamlar ençeme ýyllap, dürli ýollar bilen ruhy goldawy berdiler.

Biz kynçylyklara garamazdan yhlasly wagyz edýäris. Kyrk ýyldan gowrak etrap we welaýat gözegçisi bolup gulluk edenimizden soň, bize täze ýumuş berildi. Biz italýan dilinden başga dilde gepleýän adamlardan ybarat toparlary we ýygnaklary döretmelidik. Bu toparyň wagyzçylary Bangladeşden, Hytaýdan, Eritreýadan, Efiopiýadan, Ganadan, Hindistandan, Nigeriýadan, Filippinden, Şri-Lankadan we başga ýurtlardan gelen adamlara wagyz edýärler. Biz ençeme adamlaryň Ýehowanyň merhemetini dadyp, Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen durmuşyny özgerdendigini gördük. Eger olaryň ählisini ýazga geçirsek, bir kitaba sygdyryp bilmeris (Mika 7:18, 19).

Biz her gün Ýehowa doga edip, gullugymyzy dowam eder ýaly, duýgy we beden taýdan güýçlendirmegini dileýäris. Rebbimiziň begenji — biziň güýjümizdir. Bu biziň gözümizi nurlandyryp, durmuşda dogry ýoly saýlandygymyza ynamymyzy berkidýär (Efes. 3:7; Kol. 1:29).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş