Hudaýa gulluk etmek hiç haçan giç däl
2009-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Ispaniýanyň günortasynda ýerleşýän Malaga şäherinde ejeli-gyz suwda çokundyryldy. Olaryň ikisiniň hem ady Ana. 2009-njy ýylda Ispaniýada 2 352 adam suwda çokundyryldy. Iki Ana-da olaryň arasyndady. Ýöne bu ejeli-gyzda bir täsinlik bar. Ejesi 107, gyzy 83 ýaşyndady!
Özüni Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyrylmaga olary näme höweslendirdi? 1970-nji ýyllaryň başynda, Ananyň (gyzy) goňşusy ony öýünde geçirilýän «Kitap öwrenilýän duşuşyga» çagyrýar. Ana ýygnaga käwagt barýardy, şonuň üçin ol ruhy taýdan ösüp bilmeýär.
Takmynan on ýyl geçenden soň, Ananyň çagalary Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty kabul edip, Ýehowanyň gullukçylary bolýarlar. Onuň Mari Karmen atly gyzy ejesiniň ýüreginde hakykata bolan yhlasyny täzeden oýarýar we oňa Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge kömek edýär. Biraz wagtdan Mari Karmeniň mamasy-da Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanyp başlaýar. Netijede, bu maşgalanyň on agzasy suwda çokundyrylýar.
Ejeli-gyz, ýagny iki Ana-da suwda çokundyrylanda, olaryň ýüzlerinde şatlyk tolkuny mese-mälim görnüp durdy. 107 ýaşly Ana: «Ýehowa özüni tanadyp, maňa uly merhemet etdi» diýdi. Onuň gyzy bolsa şeýle diýdi: «Jennet gelmänkä, men Ýehowa gulluk etmek isleýärin, onuň islegini berjaý edip, hoş habary wagyz etmek üçin elimde baryny ederin».
Bu iki dul aýal ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, köp şatlyk tapýarlar. Olaryň ýygnagyndan bir ýaşuly şeýle gürrüň berýär: «Olar ýygnak duşuşyklarynyň birini-de sypdyrmaýarlar. «Garawul diňi» duşuşygynda hemişe jogap berýärler».
Olaryň Hudaýa wepalylygy dul hatyn Annany ýadyňa salýar. Anna «ybadathanadan çykman, gije-gündiz oraza tutup, doga edip, ybadat bilen meşgullanandygy» üçin Isany bäbekkä görmek sylagyna eýe boldy (Luka 2:36—38). 84 ýaşly Anna Ýehowa gulluk etmek üçin özüni garry saýmady, onuň şu günki atdaşlary-da şeýle pikir edýärler.
Belki, siziň hem hoş habary eşitmek isleýän dogan-garyndaşlaryňyz bardyr? Ýa-da siz öýden-öýe wagyz edeniňizde, hakykata suwsaýan garrylara duşansyňyz? Olaryň arasynda şu makaladaky iki Ana ýaly, Ýehowanyň Güwäçisi boljaklar tapylar. Hawa, Ýehowa Hudaýa gulluk etmek hiç haçan giç däl.