Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/12 sah. 20—24
  • Ýehowa aýdym aýdyň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa aýdym aýdyň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hakyky seždede sazyň tutýan orny
  • Dawudyň döwründen soň sazyň ähmiýeti
  • Wagt geçdi — zerurlyklar özgerdi
  • Siz minnetdar bolup bilersiňiz
  • Joşup aýdym aýdyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Joşgunly aýdym aýdyp, Ýehowany şöhratlandyryň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Şuny bilýäňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/12 sah. 20—24

Ýehowa aýdym aýdyň!

«Barkam, Hudaýyma nagma aýdaryn». (ZEB. 146:2)

1. Ýaş Dawudy käbir mezmurlary ýazmaga näme höweslendirdi?

DAWUT ýaş wagtlary Beýtullahamyň golaýynda kakasynyň sürüsini uzak gün bakýardy. Şol sebäpli onda Ýehowanyň ýaradan ajaýyp zatlaryna: ýyldyzly asmana, «ýabany haýwanlara» we «gögüň guşlaryna» syn etmäge mümkinçilik bardy. Dawudyň gören zatlary oňa güýçli täsir edýär we ol Ýaradyjyny ajaýyp zatlary üçin şöhratlandyryp, ýüregi tolgundyryjy nagmalary ýazýar. Dawudyň düzen şygyrlarynyň köpüsini Zebur kitabyndan okap bolýara (Zebur 8:3, 4, 7—9-njy aýatlary okaň).

2. a) Saz adama nähili täsir edip bilýär? Düşündiriň. b) Zebur 34:7, 8-nji aýatlara görä, Dawudyň Ýehowa bilen gatnaşygyndan näme öwrenýäris?

2 Şol ýyllary Dawut saz çalmaga has-da ökdeleşen bolmaly. Hawa, ony hatda Saul patyşa üçin arfada saz çalyp bermäge çagyrýarlar (Sül. tym. 22:29). Dawudyň sazy ynjalyksyz hökümdaryň kalbyna rahatlyk berýärdi. Şu günlerem gowy saz köp adamlara şeýle täsir edýär. Dawut her sapar eline saz guraly alanda, «Saulyň haly gowulanyp, rahatlanardy» (1 Sam. 16:23). Bu hudaýhon sazandanyň düzen nagmalary şu günler hem täsirini ýitirmedi. Geň galaýmaly! Dawudyň ölenine 3 000 ýyldan gowrak wagt geçse-de, ýeriň dürli künjeginde ýaşaýan, milletine we ýagdaýyna garamazdan, millionlarça adamlar teselli tapyp, umytda bolmak üçin hemişe Dawudyň mezmurlaryny okaýarlar (2 Tar. 7:6; Zebur 34:7, 8; 139:2—8-nji aýatlary okaň; Amos 6:5).

Hakyky seždede sazyň tutýan orny

3, 4. Dawudyň günlerinde hakyky seždede aýdym aýtmak nädip ýola goýuldy?

3 Dawut zehinlidi. Ol zehinini iň gowy zada — Ýehowany şöhratlandyrmaga bagyş etdi. Dawut Ysraýylyň patyşasy bolandan soň, çadyrda Ýehowa sežde etmegi we oňa aýdym aýtmagy ýola goýdy. Lewilileriň ondan bir bölegi çadyrda gulluk etmelidi. Olaryň 4000-i «Ýehowany şöhratlandyrmak» üçin bellenilipdi; 288-ine bolsa «Ýehowa aýdym aýtmagy öwredilipdi we olar öz işlerini gowy bilýärdiler» (1 Tar. 23:3, 5; 25:7).

4 Dawut ençeme nagma düzdi. Lewililer bu nagmalary saza goşup aýdýardylar. Bu mezmurlar her bir ysraýyllynyň ýüregini lerzana getiren bolsa gerek. Haçan-da äht sandygy Iýerusalime getirilende, «şadyýan sesleriň batly eşidilmegi üçin, Dawut lewi ogullarynyň ýolbaşçylaryna aýdymçy doganlaryny kirişli saz gurallary, arfalary we kimwallary bilen goýmagy buýurdy» (1 Tar. 15:16).

5, 6. a) Dawudyň höküm süren döwründe näme üçin saza köp üns berlipdir? b) Gadymy Ysraýylda Hudaýa sežde edilende, saz nähili wajyp orun tutýardy?

5 Dawudyň döwründe näme üçin saza köp üns berlipdir? Patyşanyň sazanda bolany üçinmi? Ýok, munuň sebäbi ençeme ýyldan soň aýan boldy. Hudaýa wepaly patyşa Hizkiýa ybadathanada edilmeli gullugy dikeldýär. 2 Taryhlar 29:25-de şeýle diýilýär: «Dawudyň we görnüş görýän Gadyň hem-de Natan pygamberiň ýola goýşuna görä, lewililer onuň (Hizkiýanyň) görkezmesi boýunça elleri kimwally, arfaly, kirişli gurallar bilen Ýehowanyň öýüniň öňünde durdylar; bu tabşyrygy Ýehowa pygamberleri arkaly beripdi».

6 Hawa, Ýehowa pygamberleri arkaly gullukçylaryna nagmalar bilen Özüni şöhratlandyrmagy tabşyrdy. Ruhanylar taýpasyndan saýlanyp alnan aýdymçylar hatda başga lewililerden talap edilýän işlerden boşadylýardy. Şol sebäpli olaryň täze nagmalary düzüp, has dogrusy, olary aýtmagy öwrenmäge ýeterlikli wagtlary bolýardy (1 Tar. 9:33).

7, 8. Patyşalyk aýdymy aýdylanda iň wajyp zat näme?

7 Belki, siz şeýle diýersiňiz: «Eger çadyrda aýdym aýtmaly bolsa, onda meni hiç haçan aýdymçylaryň hataryna goşmazdylar!» Ýöne lewilileriň hem ählisi ökde aýdymçy däldi ahyryn. 1 Taryhlar 25:8-e görä, olara aýdym aýtmagy «öwredýärdiler». Şeýle-de ysraýyllylaryň beýleki taýpalarynda ökde sazandalar we aýdymçylar bolandyr, emma Ýehowa diňe lewilileri aýdym aýtmaga belledi. Olaryň käbiri ökde aýdymçydy, käbiri bolsa aýdym aýtmagy öwrendiler, ýöne ähli lewililer borjuny doly ýerine ýetirmäge jan edendirler.

8 Dawut sazy gowy görýärdi we ökde aýdymçydy. Ýöne Hudaý ony diňe zehini üçin gowy görýärmidi? Koloseliler 3:24-de Pawlus şeýle ýazdy: «Her näme etseňiz, adamlar üçin däl-de, Reb üçin ýürekden işläň». Diýmek, esasy zat Ýehowany ýürekden şöhratlandyrmaly.

Dawudyň döwründen soň sazyň ähmiýeti

9. Süleýmanyň höküm süren döwründe ybadathananyň dabaraly açylyşyna gatnaşan bolsaňyz, ondaky gören we eşiden zatlaryňyzy nähili beýan edersiňiz?

9 Süleýmanyň höküm süren döwründe arassa seždede saz ähmiýetli orun tutýardy. Ybadathananyň dabaraly açylyşynda sazandaçylaryň tutuş topary 120 surnaý bilen durdylar (2 Taryhlar 5:12-ni okaň)b. Mukaddes Ýazgylarda «surnaýçylaryň we aýdymçylaryň sesleri bir agyzdan Ýehowany ýagşylygy hem-de ebedi merhemeti üçin şöhratlandyryp, minnetdarlyk bildirýändigi» aýdylýar. Şadyýan sesler eşidilip başlanandan, «Ýehowanyň öýi bulutdan doldy», bu onuň razylygyny görkezýärdi. Ähli surnaýçylaryň we müňlerçe aýdymçylaryň ajaýyp sesini bilelikde eşitmek nähili tolgundyryjy bolandyr! (2 Tar. 5:13)

10, 11. I asyrdaky mesihçileriň Hudaýa sežde edenlerinde aýdym aýdandyklaryny nireden bilýäris?

10 I asyrda ýaşan mesihçiler hem nagma aýdypdyrlar. Elbetde, olar çadyrda ýa-da ybadathanada däl-de, öýde ýygnanyşýardylar. Olar yzarlamalara we başga-da ençeme kynçylyklara uçrasalar-da, öwgüli aýdymlar bilen Ýehowany şöhratlandyrypdyrlar.

11 Pawlus resul koloseli mesihçilere: «Bir-biriňize... mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp... Rebbe nagma okaň» diýip maslahat berdi (Kol. 3:16). Pawlus bilen Silasy tussag edenlerinde, olaryň aýdym kitaplary bolmasa-da, «Hudaýa öwgüli nagmalar aýtdylar» (Res. iş. 16:25). Eger sizi türmä bassalar Patyşalyk aýdymynyň näçesini ýatdan aýdyp bilersiňiz?

12. Biz Patyşalyk aýdymlaryny gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

12 Görşümiz ýaly, Hudaýa sežde edende aýdym-saz uly orun eýeleýär. Şol sebäpli özümize şeýle soraglary bersek gowy bolardy: «Men aýdym aýtmagy gymmat saýýarynmy? Ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde dogan-uýalar bilen bile aýdym aýtmak üçin wagtynda gelýärinmi we aýdymy ýürekden aýdýarynmy? Men çagalaryma Teokratik gulluk mekdebi we Gulluk duşuşygynyň ýa-da Jemagat nutgy bilen «Garawul diňi» duşuşygynyň arasynda aýdylýan aýdymlara arakesme, ýagny aýagyňy ýazmaga mümkinçilik hökmünde garamaly däldigini öwredýärinmi?» Biz aýdym aýtmak bilen, Ýehowa sežde edýäris. Hawa, ökde bolsak-da, öwrenje bolsak-da, biziň ählimiz Ýehowany bilelikde şöhratlandyrmaly (2 Korintoslylar 8:12-ni deňeşdiriň).

Wagt geçdi — zerurlyklar özgerdi

13, 14. Ýygnakda ýürekden aýdym aýtmak näme üçin wajyp? Düşündiriň.

13 Ýüz ýyl gowrak mundan öň, «Sion Garawul diňi» žurnalynda Patyşalyk aýdymlaryň wajyplygynyň bir sebäbi şeýle düşündirildi: «Hakykaty wasp edýän aýdymlar Hudaýyň halkynyň aňyna we ýüregine täsir edýär». Biziň aýdýan aýdymlarymyzyň köpüsi Mukaddes Ýazgylardaky parçalara esaslanan. Şonuň üçin olaryň iň bolmanda käbirini ýat tutsak, hakykat ýüregimize has-da ornaşar. Köplenç biziň duşuşyklarymyza ýaňy gatnaşyp başlan adamlara aýdymlar güýçli täsir edýär.

14 Ç. T. Rassel Hudaý baradaky hakykaty hiç haçan tapmaryn öýdýärdi. Şol sebäpli ol adamlara ruhy taýdan kömek edip bilmese-de, maddy goldaw bermek üçin söwdä işine köpräk üns bermeli diýen karara gelipdi. Emma 1869-njy ýylda, bir güni agşam ol işden öýüne gaýdyp barýarka, bir jaýyň ýerzemininden aýdymyň sesini eşidýär. Doganymyz Rassel tozanly we garaňky ýere girip, dini ýygnagyň geçirilýändigini görýär. Ol oturyp, diňleýär. Soňra ol: «Şol agşam eşiden zatlarym Mukaddes Ýazgylaryň ylhamlanandygyna gowşan imanymyň berkemegine ýeterliklidi. Elbetde, bu Hudaýyň kömegi bilendi» diýip ýazýar. Üns beren bolsaňyz, doganymyz Rasseliň şol dini ýygnaga barmagyna aýdym sebäp bolupdyr.

15. Näme üçin aýdymlara täzeden seredildi?

15 Wagtyň geçmegi bilen, biz Mukaddes Ýazgylara has-da gowy düşünip başladyk. Süleýmanyň tymsallary 4:18-de: «Dogrularyň ýodasy bolsa ýaňy dogan Gün ýalydyr, bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlar» diýilýär. Biziň hakykata gitdigiçe gowy düşünmegimiz aýdymlaryň mazmunyna hem täsir etdi. Soňky 25 ýylyň içinde Ýehowanyň Güwäçileri köp ýurtlarda «Ýehowa öwgüli nagmalar aýdyň» atly kitapdaky aýdymlary aýdýarlar. Şu günler bu aýdymlaryň käbiri türkmen dilinde-de bar. Hakykat nurunyň gitdigiçe parlamagy bilen, biz birnäçe zatlara has gowy düşünip başladyk. Şol sebäpli aýdymlara hem täzeden seredildi.

16. Pawlusyň Efesliler 5:19-daky maslahatyna nädip eýerip bileris?

16 Şu we beýleki sebäplere görä, Ýolbaşçylyk maslahaty «Ýehowa aýdym aýdyň» diýen täze kitaby çap etdic. Indi täze aýdym kitabynda 135 aýdym bar. Aýdymlaryň sany azaldy, şol sebäpli täze aýdymlaryň käbirini ýat tutup bileris. Şeýtsek, Pawlusyň Efesliler 5:19-daky maslahatyna eýerdigimiz bolar (okaň).

Siz minnetdar bolup bilersiňiz

17. Ýygnakda aýdym aýtmaga utanmazlyga bize näme kömek eder?

17 Biz ýygnak duşuşyklarynda aýdym aýtmaga utanmalymy? Şu barada oýlanyp göreliň: eýsem, dile gezek gelende «hemmämiz köp büdremeýärismi»? (Ýakup 3:2). Emma biz bikämil bolsak-da, Ýehowany wagyzda şöhratlandyrmaga çekinmeýäris. Onda näme üçin aýdym aýdyp Ýehowany şöhratlandyrmaga çekinmeli? Ýehowa «adamyň agzyny... ýaradan» Hudaýdyr. Ol dilimiziň senasyny diňläp, ýürekden begenýär (Müs. çyk. 4:11).

18. Köp dogan-uýalara täze aýdymlaryň sazyna öwrenişmäge näme kömek etdi?

18 «Ýehowa aýdym aýdyň (fortepiano sazy)» (rusça) diýen CD diski dogan-uýalaryň köpüsine täze aýdymlary öwrenmäge kömek etdi. Çalynýan sazlary diňlemek örän lezzetli. Eger siz olary öýde köpräk diňleseňiz, täze aýdymlaryň sazyna öwrenişersiňiz.

19. Kongreslerde çalynýan sazy taýýarlamak üçin näme edilýär?

19 Biz ýörite kongresde, etrap we welaýat kongreslerinde çalynýan sazlar barada kän oýlanýan däldiris. Aslynda, olary taýýarlamak üçin köp iş edilýär. Ilki, çalynmaly saz saýlanýar. Soňra ony 64 adam dürli saz gurallarynda çalar ýaly saz ýazylýar. Sazçylar sazy gowy öwrenmek üçin gaýta-gaýta çalyp, ençeme sagat sarp edýärler. Saz doly taýýar bolandan soňra, ony ABŞ-yň Nýu-Ýork şäheriniň Patterson etrabyndaky studiýamyzda ýazdyrýarlar. Bu sazçy dogan-uýalaryň onusy daşary ýurtdan gelýärler. Olar teokratiki wakalar üçin owadan sazlary taýýarlamagy özüne uly hormat saýýarlar. Biz olaryň söýgi bilen çeken zähmetiniň gadyryny bilmeli. Doganymyz kongresiň birnäçe minutdan başlajakdygyny aýdanda, geliň, derrew ýerimize geçip oturalyň we söýgi bilen taýýarlanan sazy ünsli diňläliň.

20. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

20 Ýehowa biziň öwgi aýdymlarymyzy halaýar we ünsli diňleýär. Biz ýygnaklarda ýürekden aýdym aýdyp, ony begendirip bileris. Hawa, ökde bolsak-da, öwrenje bolsak-da, geliň, Ýehowa «nagma aýdalyň»! (Zeb. 104:33).

a Dawudyň ölenine ýüzlerçe ýyl geçenden soň, ençeme perişdeler Hudaýy şöhratlandyryp, Mesihiň doglandygy barada Beýtullahamyň golaýynda sürülerini bakýan çopanlara buşlaýarlar (Luka 2:4, 8, 13, 14).

b 2 Taryhlar 5:12 Lewili Asafyň, Hemanyň, Ýedutyň aýdymçy toparlary, olaryň ogullary we doganlary nepis dokalan eşikli, elleri kimwally, arfaly hem-de kirişli gurallar bilen, gurbanlyk getirilýän ýeriň gündogar tarapynda durdylar. Şeýle-de olaryň ýanynda ýüz ýigrimi ruhany surnaý çalyp durdy.

c «Ýehowa aýdym aýdyň» diýen täze kitap häzir türkmen dilinde ýok.

Siz nähili pikir edýärsiňiz?

• Hakyky seždede aýdym-sazyň uly orun tutýandygyny haýsy wakalar görkezýär?

• Isanyň Matta 22:37-de beren tabşyrygyna gulak asmak bilen Patyşalyk aýdymyny ýürekden aýtmagyň nähili baglanyşygy bar?

• Patyşalyk aýdymlarynyň gadyryny nädip bilip bolar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş