-
1 Musa 49:29—33Mukaddes Kitap
-
-
29 Soňra Ýakup ogullaryna tabşyryk berip: «Bu ýagty jahan bilen hoşlaşmaly pursadym gelip ýetdi+. Het halkyndan Epronyň melleginde gowak bardyr. Meni şol gowakda, ata-babalarymyň ýanynda jaýlaň+. 30 Şol gowak Kenganda Mamräniň garşysyndaky Mahpelada ýerleşýär. Ybraýym şol mellegi het halkyndan Eprondan gonamçylyk üçin satyn alypdy. 31 Atam Ybraýym bilen enem Bibisara+, kakam Yshak+ bilen ejem Rebeka şol gowakda jaýlandy. Men Leýany hem şol gowakda jaýladym. 32 Mellek bilen içindäki gowak het halkyndan satyn alnypdy»+ diýdi.
33 Ýakup ogullaryna wesýet edip boldy-da, düşeginde uzalyp ýatdy. Soňra dem almasy kesilip, jan berdi+.
-
-
1 Musa 50:13, 14Mukaddes Kitap
-
-
13 Olar Ýakuby Kengana äkidip, Mahpela mellegindäki gowakda jaýladylar. Mamräniň garşysyndaky şol mellegi Ybraýym gonamçylyk üçin Eprondan satyn alypdy+. Epron het halkyndandy. 14 Ýusup kakasyny jaýlap, doganlary we ýanyndaky adamlary bilen Müsüre dolandy.
-