11 Ýehowanyň perişdesi sözüni dowam edip: «Sen göwreli bolupsyň. Bir ogul dograrsyň, adyna Ysmaýyl dak, sebäbi Ýehowa ahy-nalaňy eşitdi. 12 Ogluň gulan deý özdiýenli bolup ýetişer. Ol hemmä garşy, hemme-de oňa garşy bolar. Ol doganlarynyň garşysynda ýaşar» diýdi.