Birinji Musa
16 Ybramyň aýaly Saranyň çagasy bolmaýardy+. Saranyň Hajar+ atly müsürli gyrnagy bardy. 2 Bir gün Sara Ybrama: «Ýehowa maňa çaga berenok. Gyrnagym bilen ýataý. Belki, ol maňa çaga dogrup berer»+ diýdi. Ybram Saranyň aýdyşy ýaly etdi. 3 Ybramyň Kenganda ýaşap ýörenine on ýyl bolanda, Sara müsürli gyrnagy Hajary Ybrama aýallyga berdi. 4 Ybram Hajara ýanaşdy*, ol hem göwreli boldy. Hajar göwreli bolandan soň, bikesi Sarany äsgermän başlady.
5 Sara Ybrama: «Seret, sen sebäpli ne günlere düşdüm. Gyrnagymy saňa aýallyga berdim, ol bolsa göwreli bolup, meni äsgermän başlady. Muňa sen günäkärmi ýa men, goý, Ýehowa çözsün» diýdi. 6 Ybram bolsa: «Gyrnak seniňki ahyryn, isläniňi et» diýdi. Şondan soň Sara Hajary kemsidip başlady, ol hem gaçyp gitdi.
7 Hajar çölüň içi bilen gitdi. Biraz wagtdan Ýehowanyň perişdesi ony Şura+ barýan ýoldaky çeşmäniň boýundan tapdy. 8 Ol Hajardan: «Saranyň gyrnagy Hajar, nireden gelip, nirä barýaň?» diýip sorady. Hajar: «Bikäm Saradan gaçyp barýaryn» diýip jogap berdi. 9 Ýehowanyň perişdesi: «Bikäň ýanyna dolan-da, aýdany bilen bol» diýdi. 10 Soňra Ýehowanyň perişdesi: «Seniň nesliňi köpelderin, olaryň san-sajagy bolmaz»+ diýdi. 11 Ýehowanyň perişdesi sözüni dowam edip: «Sen göwreli bolupsyň. Bir ogul dograrsyň, adyna Ysmaýyl* dak, sebäbi Ýehowa ahy-nalaňy eşitdi. 12 Ogluň gulan* deý özdiýenli bolup ýetişer. Ol hemmä garşy, hemme-de oňa garşy bolar. Ol doganlarynyň garşysynda ýaşar*» diýdi.
13 Soňra Hajar: «Maňa nazar salan Hudaýy+ gördüm» diýdi. Ol özi bilen gepleşen Ýehowanyň adyna alkyş okap: «Sen ähli zady görýän Hudaýsyň!» diýdi. 14 Şol sebäpli ol ýerdäki guýa Beýer-lahaýroý* diýilýär; ol Kadeş bilen Beretiň aralygynda ýerleşýär. 15 Hajar Ybrama ogul dogrup berdi, Ybram oglunyň adyna Ysmaýyl dakdy+. 16 Hajardan Ysmaýyl doglanda, Ybram 86 ýaşyndady.