Birinji Musa
17 Ybram 99 ýaşyndaka, Ýehowa oňa görnüp: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Ýolumdan ýöräp, maňa wepaly bol*. 2 Seniň bilen baglaşan ähtimi+ berjaý edip*, nesliňi juda köpelderin»+ diýdi.
3 Şonda Ybram ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. Hudaý sözüni dowam edip, şeýle diýdi: 4 «Seniň bilen äht baglaşdym+. Sen köp milletleriň atasy bolarsyň+. 5 Indi adyň Ybram* däl-de, Ybraýym* bolar, sebäbi seni köp milletleriň atasy ederin. 6 Nesliňi juda köpelderin, senden köp milletler we patyşalar dörär+.
7 Men Hudaýyňyz bolmak üçin, seniň bilen we nesliň bilen äht baglaşdym+. Şol ähtim nesilden-nesle ebedilik dowam eder. 8 Gelmişek bolup ýaşap ýören ýurduňy+, ýagny tutuş Kengany saňa we nesliňe hemişelik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn»+.
9 Soňra Hudaý Ybraýyma: «Sen hem bütin nesliň bilen ähtime wepaly bol. 10 Ikimiziň aramyzda nesilden-nesle dowam etjek ähtim şudur: ähli erkekleriňiz sünnetlensin+. 11 Siz bilen baglaşan ähtimiň alamaty hökmünde sünnetli bolmalysyňyz+. 12 Mundan beýläk her bir erkek göbekli çaga, isle, öýüňizde doglan bolsun, isle-de, nesliňizden däl, başga halkdan satyn alnan gul bolsun, sekiz günlük wagty sünnetlenmelidir+. 13 Öýüňde doglan erkekleriň we satyn alan gullaryň ählisi sünnetlenmelidir+. Bedeniňizdäki şol alamat siziň bilen baglaşan ebedilik ähtimi aňladar. 14 Kimde-kim sünnetlenmese, halkyň arasyndan ýok edilsin*, sebäbi ol ähtimi bozýandyr» diýdi.
15 Soňra Hudaý: «Indi aýalyňa Sara*+ diýme. Onuň ady Bibisara* bolar. 16 Men ony ýalkaryn, ol saňa ogul dogrup berer+. Bibisarany ýalkaryn, ondan milletler we patyşalar* dörär» diýdi. 17 Şonda Ybraýym ýüzüni ýere berip, tagzym etdi-de, içinden+: «Heý-de, 100 ýaşan gojanyň perzendi bolarmy, 90 ýaşly kempir çaga dogrup bilermi?»+ diýip güldi.
18 Ybraýym hak Hudaýa: «Ysmaýyly bir ýalka! Goý, onuň başy dik bolsun!»+ diýdi. 19 Şonda Hudaý: «Aýalyň Bibisara hökman ogul dograr, adyna Yshak*+ dak. Seniň bilen baglaşan ähtim Yshak bilen hem dowam eder. Şol äht oňa-da, nesline-de ebedi bereket getirer+. 20 Ysmaýyl hakda aýdanlaryňy hem eşitdim. Ysmaýyly ýalkap, neslini juda köpelderin we sanyny artdyraryn. Ysmaýyldan 12 tirebaşy dörederin we uly millet ederin+. 21 Ýöne ähtimi Yshakda berjaý ederin+. Indiki ýyl şu wagtlar Bibisaradan Yshak dünýä iner»+ diýdi.
22 Hudaý Ybraýym bilen gepleşip boldy-da, ýanyndan gitdi. 23 Ybraýym şol günüň özünde ogly Ysmaýyly, öý-içerisindäki erkekleri, satyn alan hyzmatkärlerini, öýündäki ähli erkek göbeklileri Hudaýyň aýdyşy ýaly sünnetledi+. 24 Ybraýym sünnetlenende+, 99 ýaşyndady. 25 Ysmaýyl bolsa 13 ýaşyndady+. 26 Ybraýym bilen Ysmaýyl bir günde sünnetlendi. 27 Ybraýymyň öýünde doglan ähli erkekler, başga halkdan satyn alan gullary-da onuň bilen sünnetlendi.