-
2 Musa 25:23—28Mukaddes Kitap
-
-
23 Akasiýa agajyndan stol+ hem ýasa. Uzynlygy iki, ini bir, beýikligi bir ýarym tirsek bolsun+. 24 Stoly tutuşlygyna sap altyna gaplap, gyrasyna altyndan nagyş sal. 25 Stoluň gyrasyna ini dört barmak* germew aýla-da, daşyny altyn bilen nagyşla. 26 Altyndan dört halka ýasap, stoluň dört çüňküne, her aýagynyň birigýän ýerine berkit. 27 Stoly taýak bilen göterer ýaly, halkalary germewe ýakyn edip oturdyň. 28 Taýaklary hem akasiýa agajyndan ýasap, altyna gapla. Stoly taýak bilen göteriň.
-