-
2 Musa 37:10—15Mukaddes Kitap
-
-
10 Ol akasiýa agajyndan stol hem ýasady+. Stoluň uzynlygy iki, ini bir, beýikligi bir ýarym tirsekdi+. 11 Stoly tutuşlygyna sap altyna gaplap, gyrasyna altyndan nagyş saldy. 12 Stoluň gyrasyna ini dört barmak* germew aýlap, daşyny hem altyn bilen nagyşlady. 13 Soňra altyndan dört halka ýasap, stoluň dört çüňküne, her aýagynyň birigýän ýerine dakdy. 14 Stoly taýaklar bilen götermek üçin halkalar germewe ýakyn oturdylypdy. 15 Stoluň taýaklaryny hem akasiýa agajyndan ýasap, altyna gaplady.
-