-
2 Musa 27:1—8Mukaddes Kitap
-
-
27 Akasiýa agajyndan gurbanlyk ojagyny* ýasaň+. Uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek*, beýikligi üç tirsek bolsun. Ony dörtburç edip ýasaň+. 2 Her burçunda bir şah ýasaň+. Şahlar gurbanlyk ojagy bilen bir bitewi bolsun. Gurbanlyk ojagyny tutuşlygyna mise gaplaň+. 3 Külüni* aýrar ýaly gaplary, pilçeleri, tabaklary, çarşaklary, külatarlary ýasaň, ählisi misden bolsun+. 4 Gurbanlyk ojagyna misden gözenek ýasaň. Gözenegiň dört çüňküne misden halka berkidiň. 5 Gözenegi gurbanlyk ojagynyň içine, gyrasynyň edil aşagyndan dakyň. Şonda gözenegiň düýbi gurbanlyk ojagynyň ýarysyna ýetip durar. 6 Akasiýa agajyndan taýaklar ýasap, olary hem mise gaplaň. 7 Gurbanlyk ojagyny göterjek bolanyňyzda, taýaklary iki gapdalyndaky halkalardan geçiriň+. 8 Gurbanlyk ojagyny agaçdan guty ýaly edip ýasaň. Ony dagda görkezen nusgam boýunça ýasaň+.
-
-
2 Musa 40:10Mukaddes Kitap
-
-
10 Gurbanlyk ojagy bilen esbaplaryna-da ýag çalyp, mukaddes et. Şonda gurbanlyk ojagy has-da mukaddes bolar+.
-