- 
	                        
            
            2 Musa 7:20Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        20 Musa bilen Harun dessine Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdiler. Harun hasany galdyryp, faraonyň we hyzmatkärleriniň gözüniň alnynda Nil derýasyna urdy welin, suw gana öwrüldi+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            2 Musa 8:17, 18Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        17 Olar şeýle hem etdiler. Harun hasasyny uzadyp, ýere uranda, Müsüriň ähli tozany peşä öwrülip, adamlaryň we haýwanlaryň üstüne çozdy+. 18 Jadygöýler hem jadyly güýji*+ bilen edil şonuň ýaly edip, peşe çykarmaga synanyşdylar, emma başarmadylar. Peşeler bolsa adamlaryň we haýwanlaryň etini iýip barýardy. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            2 Musa 9:11Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        11 Jadygöýler Musanyň ýanyna gelip bilmediler, sebäbi olaryň hem, ähli müsürlileriň hem endam-jany çybandan dolupdy+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            2 Timoteos 3:8Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        8 Olar hem Musa garşy çykan Ýannys we Ýambrys ýaly, hakykata garşy çykýarlar. Şeýle adamlaryň aň-düşünjesi doly zäherlenendir. Olar imanyna görä ýaşamaýarlar, Hudaý hem olardan razy däldir. 
 
-