-
Resullar 7:30—34Mukaddes Kitap
-
-
30 Şondan 40 ýyl geçende, Sinaý dagynyň golaýyndaky çölde ýanyp duran ýandakdan bir perişde göründi+. 31 Musa perişdäni görüp haýran galdy. Ol ýanyp duran ýandagy görmek üçin golaýlaşanda, Ýehowanyň* sesi eşidildi: 32 „Men seniň ata-babalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“+. Musa gorkudan ýaňa titräp, ýandagyň golaýyna baryp bilmedi. 33 Ýehowa* oňa: „Aýagyňdaky çarygy çykar, duran ýeriň mukaddesdir. 34 Halkymyň Müsürde çekýän jebir-jepasyny gördüm, ahy-nalasyny eşitdim+, olary halas etmek üçin geldim. Seni Müsüre iberýärin“ diýdi.
-