-
2 Musa 3:2—10Mukaddes Kitap
-
-
2 Şonda ýanyp duran ýandagyň içinde Ýehowanyň perişdesi peýda boldy+. Musa görse, ýandak lowlap ýanyp dur, ýöne ýanyp gutaranok. 3 Ol içinden: «Eý Alla, bu ne gudrat! Ýandak ýanyp gutaranok-la, hany, golaýyna baryp göreýin» diýdi. 4 Ýehowa Musanyň gelýänini görüp, ýandagyň içinden: «Musa, Musa!» diýip seslendi. Ol: «Diňleýärin!» diýdi. 5 Şonda Hudaý: «Bärik golaýlaşma, aýagyňdaky çarygy çykar, mukaddes ýerde dursuň» diýdi.
6 Hudaý sözüni dowam edip: «Men ata-babalaryň* Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy»+ diýdi. Musa hak Hudaýa seretmäge gorkup, ýüzüni ýapdy. 7 Ýehowa bolsa: «Halkymyň Müsürde çekýän jebrini gördüm. Rehimsiz müsürlilerden ýaňa edýän ahy-nalasyny eşitdim. Olaryň ejir çekýänini bilýärin+. 8 Aşak inip*, halkymy müsürlileriň elinden halas ederin+. Olary Müsürden çykaryp, mes toprakly hem giň, süýt bilen bal akýan ýurda+, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň+ ýurduna äkiderin. 9 Ysraýyllaryň ahy-nalasyny eşitdim. Müsürlileriň olary zalymlyk bilen ezýänini gördüm+. 10 Seni faraonyň ýanyna ibereýin, git-de, ysraýyl halkymy Müsürden çykar» diýdi+.
-