-
2 Musa 38:9—15Mukaddes Kitap
-
-
9 Soňra ol howly gurmaga başlady+. Howlynyň günortasyna nepis zygyrdan* perde tutdy. Perdäniň uzynlygy 100 tirsekdi+. 10 Perdäni asmak üçin misden 20 söýe, olaryň aşagyna-da 20 direg goýuldy. Söýeleriň ildirgiçleri we halkalary kümüşdendi. 11 Howlynyň demirgazygynda uzynlygy 100 tirsek perde bardy. Perdäniň 20 söýesi bilen 20 diregi misden, ildirgiçleri we halkalary kümüşdendi. 12 Günbataryndaky perdäniň uzynlygy 50 tirsekdi. Onuň on söýesi bilen on diregi bardy. Söýeleriň ildirgiçleri we halkalary kümüşdendi. 13 Gündogar tarapynyň ini hem 50 tirsekdi. 14 Howlynyň agzynyň sag tarapyna üç söýe bilen üç direg goýlup, 15 tirsek uzynlykda perde dakyldy. 15 Çep tarapyna-da üç söýe bilen üç direg goýlup, 15 tirsek uzynlykda perde dakyldy.
-