Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Musa 38
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Musa kitabynyň mazmuny

      • Gurbanlyk ojagy (1—7)

      • Mis howuz (8)

      • Howly (9—20)

      • Çadyryň gurluşygynda ulanylan zatlar (21—31)

2 Musa 38:1

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

  • *

    Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 27:1—8; 40:10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 10/2020, sah. 5, 6

2 Musa 38:2

Parallel aýatlar

  • +2Tr 1:5

2 Musa 38:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 10/2020, sah. 5, 6

2 Musa 38:8

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

  • *

    Ýagny misden ýasalan, ýüz görülýän esbaplar.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 30:18; 3Ms 8:11; 1Pa 7:23

2 Musa 38:9

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 40:8
  • +2Ms 27:9—15

2 Musa 38:17

Parallel aýatlar

  • +2Ms 27:17

2 Musa 38:18

Parallel aýatlar

  • +2Ms 27:16

2 Musa 38:20

Parallel aýatlar

  • +2Ms 27:19

2 Musa 38:21

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: şaýatlyk çadyrynyň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 25:16; 31:18; 4Ms 17:7
  • +2Ms 6:23; 4Ms 4:28; 1Tr 6:3
  • +4Ms 3:6; 4:46, 47

2 Musa 38:22

Parallel aýatlar

  • +2Ms 31:2—5; 35:30; 36:1; 37:1; 2Tr 1:5

2 Musa 38:23

Parallel aýatlar

  • +2Ms 31:6; 35:34; 36:2

2 Musa 38:24

Çykgytlar

  • *

    Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • *

    Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 35:22

2 Musa 38:26

Parallel aýatlar

  • +2Ms 30:15
  • +2Ms 12:37; 4Ms 1:45, 46

2 Musa 38:27

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 26:19—21, 25, 32

2 Musa 38:29

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Göterme sadakasy hökmünde.

2 Musa 38:31

Parallel aýatlar

  • +2Ms 27:19

Umumy salgylar

2 Mus. 38:12Ms 27:1—8; 40:10
2 Mus. 38:22Tr 1:5
2 Mus. 38:82Ms 30:18; 3Ms 8:11; 1Pa 7:23
2 Mus. 38:92Ms 40:8
2 Mus. 38:92Ms 27:9—15
2 Mus. 38:172Ms 27:17
2 Mus. 38:182Ms 27:16
2 Mus. 38:202Ms 27:19
2 Mus. 38:212Ms 25:16; 31:18; 4Ms 17:7
2 Mus. 38:212Ms 6:23; 4Ms 4:28; 1Tr 6:3
2 Mus. 38:214Ms 3:6; 4:46, 47
2 Mus. 38:222Ms 31:2—5; 35:30; 36:1; 37:1; 2Tr 1:5
2 Mus. 38:232Ms 31:6; 35:34; 36:2
2 Mus. 38:242Ms 35:22
2 Mus. 38:262Ms 30:15
2 Mus. 38:262Ms 12:37; 4Ms 1:45, 46
2 Mus. 38:272Ms 26:19—21, 25, 32
2 Mus. 38:312Ms 27:19
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
Mukaddes Kitap
2 Musa 38:1—31

Ikinji Musa

38 Besalel akasiýa agajyndan gurbanlyk ojagyny* ýasady. Gurbanlyk ojagy dörtburçdy, uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek*, beýikligi üç tirsekdi+. 2 Ol gurbanlyk ojagynyň her burçuna bir şah ýasap, olary ojak bilen bir bitewi etdi. Soňra ojagy tutuşlygyna mise gaplady+. 3 Gurbanlyk ojagynyň esbaplaryny: gaplaryny, pilçelerini, tabaklaryny, çarşaklaryny we külatarlaryny ýasady. Olaryň ählisini misden ýasady. 4 Gurbanlyk ojagyna misden gözenek hem ýasap, ojagyň iç ýüzünden oturtdy. Şonda gözenegiň düýbi gurbanlyk ojagynyň ýarysyna ýetip durdy. 5 Taýaklary geçirmek üçin, ojagyň dört burçuna dört halka ýasap, mis gözenegiň gabadyna berkitdi. 6 Soňra akasiýa agajyndan taýaklar ýasap, olary-da mise gaplady. 7 Gurbanlyk ojagyny göterer ýaly, taýaklary iki gapdalyndaky halkalardan geçirdi. Ol gurbanlyk ojagyny dörtburç guty görnüşinde ýasady.

8 Misden legen+ bilen direglerini ýasady. Olary ýygnak çadyrynyň* girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnalaryndan* ýasady.

9 Soňra ol howly gurmaga başlady+. Howlynyň günortasyna nepis zygyrdan* perde tutdy. Perdäniň uzynlygy 100 tirsekdi+. 10 Perdäni asmak üçin misden 20 söýe, olaryň aşagyna-da 20 direg goýuldy. Söýeleriň ildirgiçleri we halkalary kümüşdendi. 11 Howlynyň demirgazygynda uzynlygy 100 tirsek perde bardy. Perdäniň 20 söýesi bilen 20 diregi misden, ildirgiçleri we halkalary kümüşdendi. 12 Günbataryndaky perdäniň uzynlygy 50 tirsekdi. Onuň on söýesi bilen on diregi bardy. Söýeleriň ildirgiçleri we halkalary kümüşdendi. 13 Gündogar tarapynyň ini hem 50 tirsekdi. 14 Howlynyň agzynyň sag tarapyna üç söýe bilen üç direg goýlup, 15 tirsek uzynlykda perde dakyldy. 15 Çep tarapyna-da üç söýe bilen üç direg goýlup, 15 tirsek uzynlykda perde dakyldy. 16 Howludaky ähli perdeler nepis zygyrdandy. 17 Howludaky söýeleriň diregleri misden, ildirgiçleri we halkalary kümüşdendi. Söýeleriň depesini kümşe gaplap, halkalaryny hem kümüşden etdiler+.

18 Howlynyň girelgesine gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan perde dakyldy. Perdäniň uzynlygy 20 tirsek, beýikligi howludaky perdäniňki ýaly 5 tirsekdi+. 19 Perdäniň dört söýesi bilen dört diregi misden, ildirgiçleri we halkalary bolsa kümüşdendi. Söýeleriň depesi kümşe gaplanypdy. 20 Mukaddes çadyrdaky we howludaky gazyklar misdendi+.

21 Musanyň buýrugy bilen, äht sandygy+ duran mukaddes çadyryň* gurluşygynda ulanylan zatlaryň sanawy düzüldi. Muny Harun ruhanynyň ogly Ytamaryň+ gözegçiligindäki lewiler+ etmelidi. 22 Ýahuda taýpasyndan Huruň agtygy, Uranyň ogly Besalel+ Ýehowanyň Musa tabşyran zatlarynyň baryny ýasady. 23 Dan taýpasyndan Ahysamagyň ogly Ohalyýap+ hem senetçilik, nakgaşçylyk işlerini edip, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan mata dokap, Besalele kömekleşdi.

24 Göterme sadakasy hökmünde getirilen ähli altynlar mukaddes çadyryň gurluşygy üçin ulanyldy+. Şol altynyň agramy 29 batman* we mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen 730 şekeldi*. 25 Ilat ýazuwynda hasaba alnan ysraýyllaryň beren kümüş sadakasynyň agramy 100 batman we mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen 1 775 şekeldi. 26 Ýaşy 20-den başlap hasaba alnan ysraýyllar mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen adam başyna ýarym şekel+ beripdi. Hasaba alnanlar jemi 603 550 adamdy+.

27 Mukaddes çadyrdaky çarçuwalaryň* we tutynyň direglerine 100 batman kümüş gitdi. Her direge bir batmandan hasaplanyňda, 100 direge 100 batman kümüş gerek boldy+. 28 Ol 1 775 şekel kümüşden sütünlere ildirgiçler ýasap, depesini kümşe gaplady-da, olary halkalar bilen birleşdirdi.

29 Sadaka* berlen misiň agramy 70 batman 2 400 şekeldi. 30 Ol misden ýygnak çadyrynyň agzyndaky diregleri, gurbanlyk ojagyny, ojagyň gözenegini, esbaplaryny, 31 howlynyň daş-töweregindäki we girelgesindäki diregleri, mukaddes çadyrdaky hem-de howludaky gazyklary+ ýasady.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş