Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Musa 39
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ruhanylar üçin egin⁠-⁠eşik tikilýär (1)

      • Öňlük (2—7)

      • Gursakça (8—21)

      • Don (22—26)

      • Ruhanylar üçin egin⁠-⁠eşik (27—29)

      • Altyn maňlaýlyk (30, 31)

      • Musa çadyry gözden geçirýär (32—43)

2 Musa 39:1

Parallel aýatlar

  • +2Ms 35:23
  • +2Ms 28:4, 5; 29:5; 35:10, 19

2 Musa 39:2

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 28:6—8; 3Ms 8:7

2 Musa 39:5

Parallel aýatlar

  • +2Ms 29:5

2 Musa 39:6

Parallel aýatlar

  • +2Ms 28:9, 10

2 Musa 39:7

Parallel aýatlar

  • +2Ms 28:12

2 Musa 39:8

Parallel aýatlar

  • +3Ms 8:8
  • +2Ms 28:15—21

2 Musa 39:9

Çykgytlar

  • *

    Bir garyş takmynan 22,2 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

2 Musa 39:12

Çykgytlar

  • *

    Nähili daşdygy anyk belli däl. Ýantar, giasint, opal ýa-da turmalin daşy bolmagy mümkin.

2 Musa 39:13

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: hrizolit. Sary ýa-da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.

2 Musa 39:15

Parallel aýatlar

  • +2Ms 28:22—25

2 Musa 39:19

Parallel aýatlar

  • +2Ms 28:26—28

2 Musa 39:22

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ýeňsiz don.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 28:31—35

2 Musa 39:27

Parallel aýatlar

  • +2Ms 28:39, 40

2 Musa 39:28

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: içki geýim.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 28:4; 29:8, 9
  • +2Ms 28:42

2 Musa 39:30

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Mukaddeslik Ýehowa mahsusdyr.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 28:36, 37; 3Ms 8:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitap», sah. 1883

2 Musa 39:32

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 25:40; Ýew 8:5

2 Musa 39:33

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 36:8, 14
  • +2Ms 36:18
  • +2Ms 36:20
  • +2Ms 36:31
  • +2Ms 36:24

2 Musa 39:34

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: suwpişigiň; týuleniň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 36:19
  • +2Ms 36:35

2 Musa 39:35

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: şaýatlyk.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 37:1, 4
  • +2Ms 37:6

2 Musa 39:36

Parallel aýatlar

  • +2Ms 37:10, 16

2 Musa 39:37

Parallel aýatlar

  • +2Ms 37:17, 23
  • +2Ms 25:38
  • +2Ms 35:27, 28

2 Musa 39:38

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 37:25
  • +2Ms 37:29
  • +2Ms 30:34, 35
  • +2Ms 36:37

2 Musa 39:39

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 38:1, 4
  • +2Ms 38:6
  • +2Ms 38:30
  • +2Ms 30:18; 38:8

2 Musa 39:40

Parallel aýatlar

  • +2Ms 38:9—11
  • +2Ms 38:18
  • +2Ms 38:20

2 Musa 39:41

Parallel aýatlar

  • +2Ms 28:3

2 Musa 39:42

Parallel aýatlar

  • +2Ms 35:10; 36:1

Umumy salgylar

2 Mus. 39:12Ms 35:23
2 Mus. 39:12Ms 28:4, 5; 29:5; 35:10, 19
2 Mus. 39:22Ms 28:6—8; 3Ms 8:7
2 Mus. 39:52Ms 29:5
2 Mus. 39:62Ms 28:9, 10
2 Mus. 39:72Ms 28:12
2 Mus. 39:83Ms 8:8
2 Mus. 39:82Ms 28:15—21
2 Mus. 39:152Ms 28:22—25
2 Mus. 39:192Ms 28:26—28
2 Mus. 39:222Ms 28:31—35
2 Mus. 39:272Ms 28:39, 40
2 Mus. 39:282Ms 28:4; 29:8, 9
2 Mus. 39:282Ms 28:42
2 Mus. 39:302Ms 28:36, 37; 3Ms 8:9
2 Mus. 39:322Ms 25:40; Ýew 8:5
2 Mus. 39:332Ms 36:8, 14
2 Mus. 39:332Ms 36:18
2 Mus. 39:332Ms 36:20
2 Mus. 39:332Ms 36:31
2 Mus. 39:332Ms 36:24
2 Mus. 39:342Ms 36:19
2 Mus. 39:342Ms 36:35
2 Mus. 39:352Ms 37:1, 4
2 Mus. 39:352Ms 37:6
2 Mus. 39:362Ms 37:10, 16
2 Mus. 39:372Ms 37:17, 23
2 Mus. 39:372Ms 25:38
2 Mus. 39:372Ms 35:27, 28
2 Mus. 39:382Ms 37:25
2 Mus. 39:382Ms 37:29
2 Mus. 39:382Ms 30:34, 35
2 Mus. 39:382Ms 36:37
2 Mus. 39:392Ms 38:1, 4
2 Mus. 39:392Ms 38:6
2 Mus. 39:392Ms 38:30
2 Mus. 39:392Ms 30:18; 38:8
2 Mus. 39:402Ms 38:9—11
2 Mus. 39:402Ms 38:18
2 Mus. 39:402Ms 38:20
2 Mus. 39:412Ms 28:3
2 Mus. 39:422Ms 35:10; 36:1
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
  • 42
  • 43
Mukaddes Kitap
2 Musa 39:1—43

Ikinji Musa

39 Olar mukaddes çadyrda hyzmat etjek adamlar üçin gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden+ nepis dokalan egin-eşikleri tikdiler. Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, Haruna-da mukaddes eşikleri tikdiler+.

2 Öňlügi*+ altyn sapakdan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan* etdiler. 3 Altyny ýenjip, sapak ýaly inçe kesdiler-de, gök ýüplügiň, badam reňkli ýüňüň, gyrmyzy ýüplügiň we nepis zygyryň arasyna goşup, öňlügi keşdelediler. 4 Soňra öňlügiň öňüni we yzyny birleşdirmek üçin iki eginlik etdiler. 5 Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, öňlügi berk saklamak üçin guşak dokadylar+. Guşagy hem altyn sapakdan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan edip, öňlüge berkitdiler.

6 Soňra iki oniks daşyny altyn öýjüklere oturdyp, möhüriň oýup ýasalyşy ýaly, olaryň ýüzüne Ysraýylyň ogullarynyň adyny oýup ýazdylar+. 7 Şol daşlar Ysraýylyň ogullaryny ýatladyp durmalydy+. Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, Besalel olary öňlügiň eginligine berkitdi. 8 Soňra ol zergär ýaly sünnäläp, höküm gursakçasyny+ ýasady. Gursakçany hem öňlük ýaly altyndan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan etdi+. 9 Gursakça iki epläniňde, dörtburç bolup, uzynlygy-da, ini-de bir garyşdy*. 10 Oňa dört setir edip gymmatbaha gaş oturtdylar. Birinji setirde lagyl, topaz, zümerret, 11 ikinji setirde pöwrize, gök ýakut, ýaşma, 12 üçünji setirde leşem*, agat, ametist, 13 dördünji setirde bolsa zeberjet*, oniks we nefrit bardy. Olary altyn öýjüklere oturtdylar. 14 Gaşlar Ysraýylyň ogullarynyň adyna görä 12 sanydy. Möhüriň oýup ýasalyşy ýaly, her gaşa 12 taýpanyň biriniň ady ýazyldy.

15 Gursakça üçin sap altyndan işilen zynjyrlar ýasadylar+. 16 Soňra altyndan iki öýjük bilen iki halka ýasap, halkalary gursakçanyň iki burçuna dakdylar. 17 Altyndan ýasalan iki zynjyry gursakçanyň burçundaky iki halkadan geçirdiler. 18 Iki zynjyryň ujuny öňlügiň eginligindäki iki öýjüge dakdylar. Şonda gursakça öňlügiň öň tarapynda durdy. 19 Soňra altyndan iki halka ýasap, gursakçanyň aşaky burçunyň iç ýüzüne, öňlüge bakyp duran tarapyna berkitdiler+. 20 Altyndan ýene iki halka ýasap, olary öňlügiň öňüne, goltugynyň aşagyna berkitdiler. Halkalar öňlügiň guşagynyň ýokarsynda durýardy. 21 Ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler. Gursakça süýşmez ýaly, halkalaryny gök ýüp bilen öňlügiň halkalaryna daňdylar. Şonda gursakça öňlügiň üstünde, guşagyň ýokarsynda durdy.

22 Soňra Besalel öňlügiň içinden geýer ýaly, gök ýüplükden don* dokady+. 23 Dona ýaka açyp, ýakasyny esgerleriň sowudynyňky ýaly etdi. Ýakanyň gyrasyny ýyrtylmaz ýaly berkidip çykdy. 24 Gök ýüplügi, badam reňkli ýüňi we gyrmyzy ýüplügi işip, naryň şekillerini ýasadylar-da, donuň etegine tikdiler. 25 Sap altyndan jaňjagazlar ýasap, olary nar şekilleriniň arasyna goşup, donuň etegine aýlap çykdylar. 26 Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, çadyrda hyzmat edilende geýiljek donuň etegine jaňjagazlar bilen nar şekillerini gezekleşdirip dakdylar.

27 Haruna we ogullaryna nepis dokalan zygyrdan köýnek tikdiler+. 28 Oňa we ogullaryna nepis zygyrdan selle+, zygyrdan balak*+ tikip, 29 nepis zygyrdan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden we gyrmyzy ýüplükden guşak dokadylar. Ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.

30 Soňra mukaddesligiň alamaty hökmünde sap altyndan lowurdap duran maňlaýlyk ýasadylar. Ýüzüne möhüre ýazylyşy ýaly oýup: «Ýehowa mukaddesdir»* diýip ýazdylar+. 31 Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, maňlaýlygy gök ýüp bilen sellä berkitdiler.

32 Şeýdip, mukaddes ýygnak çadyry* bilen bagly işler tamamlandy. Ysraýyllar ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler+. Hemme zat aýdylyşy ýaly edildi.

33 Olar mukaddes çadyryň+ zatlaryny we örtügini Musanyň ýanyna getirdiler. Çadyryň ähli esbaplaryny: ildirgiçleri+, çarçuwalary*+, taýaklary+, sütünleri, diregleri+, 34 gyzyl reňke boýalan goç derisinden+ we düwleniň* derisinden edilen örtükleri, äht sandygynyň öňündäki tutyny+, 35 äht* sandygyny, taýaklaryny+ we gapagyny+, 36 stoly we esbaplaryny+, hödür çöregini, 37 sap altyndan şemdany, üstüne goýuljak şemleri+, esbaplaryny+ we ýagyny+, 38 altyn ojagy*+, mukaddes ýagy+, hoşboý ysly tütetgini+, çadyryň agzyndaky perdäni+, 39 misden ýasalan gurbanlyk ojagyny*+, mis gözenegini, taýaklaryny+, esbaplaryny+, legen bilen direglerini+, 40 howlynyň perdelerini, olaryň söýelerini, direglerini+, howlynyň agzyna tutar ýaly perdäni+, ýüplerini, gazyklaryny+, mukaddes ýygnak çadyrynda ulanyljak esbaplary, 41 mukaddes çadyrda hyzmat edilende geýiljek nepis dokalan egin-eşikleri, Harun ruhanynyň mukaddes eşiklerini+ we ogullarynyň ruhanylyk eşiklerini taýynlap getirdiler.

42 Ysraýyllar ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler+. 43 Musa olaryň eden işlerini gözden geçirdi. Görse, ähli zat Ýehowanyň tabşyryşy ýaly edilipdir, şonuň üçin olara ak pata berdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş