-
2 Musa 39:8—14Mukaddes Kitap
-
-
8 Soňra ol zergär ýaly sünnäläp, höküm gursakçasyny+ ýasady. Gursakçany hem öňlük ýaly altyndan, gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan etdi+. 9 Gursakça iki epläniňde, dörtburç bolup, uzynlygy-da, ini-de bir garyşdy*. 10 Oňa dört setir edip gymmatbaha gaş oturtdylar. Birinji setirde lagyl, topaz, zümerret, 11 ikinji setirde pöwrize, gök ýakut, ýaşma, 12 üçünji setirde leşem*, agat, ametist, 13 dördünji setirde bolsa zeberjet*, oniks we nefrit bardy. Olary altyn öýjüklere oturtdylar. 14 Gaşlar Ysraýylyň ogullarynyň adyna görä 12 sanydy. Möhüriň oýup ýasalyşy ýaly, her gaşa 12 taýpanyň biriniň ady ýazyldy.
-