-
3 Musa 8:14—17Mukaddes Kitap
-
-
14 Soňra ol günä gurbanlygy üçin öküzi alyp geldi. Harun bilen ogullary öküziň kellesine elini goýdy+. 15 Musa öküziň damagyny çaldy-da, gana+ barmagyny batyryp, gurbanlyk ojagynyň şahlaryna çaldy we ony günäden arassalady. Galan gany bolsa ojagyň düýbüne dökdi. Şeýdip, ol gurbanlyk hödürlär ýaly, gurbanlyk ojagyny mukaddes etdi. 16 Şondan soň Musa malyň içýagyny, bagryň töweregindäki ýagy, iki böwregi we olaryň ýagyny alyp, gurbanlyk ojagynda ýakdy+. 17 Öküziň galan zatlaryny, ýagny derisini, etini, tezegini bolsa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, düşelgäniň daşynda ýakdy+.
-