-
3 Musa 1:4Mukaddes Kitap
-
-
4 Ol ýakma gurbanlyk malynyň kellesine elini goýsun. Şonda gurbanlygy kabul edilip, günäleri bagyşlanar.
-
-
3 Musa 8:18—21Mukaddes Kitap
-
-
18 Soňra ýakma gurbanlygy üçin goçy getirdi. Harun bilen ogullary goçuň kellesine elini goýdy+. 19 Musa malyň damagyny çalyp, ganyny gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepeledi. 20 Ol goçy bölekläp, kellesini, böleklän etini we içýagyny* oda atdy. 21 Içegelerini we aýaklaryny ýuwup, goçy tutuşlygyna gurbanlyk ojagynda ýakdy. Şeýdip, Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygyny berdi. Musa muny Ýehowanyň tabşyryşy ýaly etdi.
-