16 Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Sen biraz wagtdan aradan çykarsyň. Halk bolsa barjak ýurdunda maňa biwepalyk edip, başga taňrylara sežde edip başlar+. Olar menden ýüz öwrüp+, baglaşan ähtimi bozarlar+.
17 Ysraýyllar serdarlara-da gulak asman, başga taňrylara sežde edip*, olara tagzym etdiler. Olaryň ata-babalary Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý edýärdi+, emma ogullary berjaý etmeýärdi. Ata-babalarynyň ýolundan tiz sowuldylar.
2 Ýehowa ysraýyllara şol milletler hakda duýduryş berip: «Olar bilen garyndaşlyk açmaň*, ýogsam olar sizi öz taňrylaryna sežde etdirer*»+ diýipdi. Süleýman bolsa şonda-da olara ysnyşyp, ýüregini berdi.
26 Ysraýyl patyşasy Süleýman şol zatlar sebäpli günä etmedimi? Halklaryň arasynda Süleýmana taý geljek patyşa ýokdy+. Hudaý ony gowy görüp+, tutuş Ysraýyla patyşa edip goýdy. Emma başga milletli aýallary Süleýmana günä etdirdiler+.