-
2 Musa 29:16—18Mukaddes Kitap
-
-
16 Goçuň damagyny çalyp, ganyny gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sep+. 17 Goçy böleklere bölüp, içgoşuny, aýaklaryny ýuw+. Şol bölekleri kellesi bilen bile gurbanlyk ojagynyň üstünde tertipleşdirip goý. 18 Goçy gurbanlyk ojagynyň üstünde tutuşlygyna ýakmalysyň. Onuň ýakymly ysy asmana göteriler. Ýakma gurbanlygynyň ýakymly ysy Ýehowa ýaraýandyr+. Ol Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlykdyr.
-
-
3 Musa 8:18—21Mukaddes Kitap
-
-
18 Soňra ýakma gurbanlygy üçin goçy getirdi. Harun bilen ogullary goçuň kellesine elini goýdy+. 19 Musa malyň damagyny çalyp, ganyny gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepeledi. 20 Ol goçy bölekläp, kellesini, böleklän etini we içýagyny* oda atdy. 21 Içegelerini we aýaklaryny ýuwup, goçy tutuşlygyna gurbanlyk ojagynda ýakdy. Şeýdip, Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygyny berdi. Musa muny Ýehowanyň tabşyryşy ýaly etdi.
-
-
3 Musa 9:12—14Mukaddes Kitap
-
-
12 Soňra Harun ýakma gurbanlygynyň damagyny çaldy. Ogullary malyň ganyny alyp, Haruna eltip berdiler. Ol gany gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepdi+. 13 Ogullary ýakma gurbanlygynyň böleklerini we kellesini getirdiler. Harun olary gurbanlyk ojagynda ýakdy. 14 Malyň içegeleri bilen aýaklaryny-da ýuwup, gurbanlyk ojagynda ýakma gurbanlygynyň üstünde ýakdy.
-