- 
	                        
            
            3 Musa 12:7, 8Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        7 Ruhany olary Ýehowa hödürläp, aýaly günäden arassalar. Şeýdip, ol gan akmasyndan tämizlener. Aýalyň ogly bolsa-da, gyzy bolsa-da, şu kanuna eýermelidir. 8 Eger tokly bermäge ýagdaýy bolmasa, iki gumry ýa-da iki kepderi getirsin+. Birini ýakma gurbanlygy, beýlekisini günä gurbanlygy edip bersin. Ruhany hem aýaly günäden arassalasyn. Şonda ol tämizlener“». 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            3 Musa 14:21, 22Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        21 Emma şol zatlary bermäge ýagdaýy bolmasa, onda günäden arassalanmak üçin bir erkek tokly getirsin. Ol toklyny ýazyk gurbanlygy hökmünde berip, göterme sadakasy hökmünde eýläk-beýläk galgatsyn. Galla sadakasy üçin bolsa bir jam* ýokary hilli una ýag garyp getirsin. Şeýle-de bir şakäse ýag, 22 ýagdaýyna görä iki gumry ýa-da iki kepderi* alyp gelsin. Olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip hödürlemelidir+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            3 Musa 15:13—15Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        13 Suwuklyk akmasy kesilip sagalan adam tämizlenmek üçin ýedi gün garaşmaly bolar. Soňra eşiklerini ýuwup, çeşme suwuna ýuwunsyn. Şonda ol tämizlener+. 14 Sekizinji gün ol iki gumryny ýa-da iki kepderini*+ ýygnak çadyrynyň* agzyna, Ýehowanyň huzuryna getirip, ruhana bersin. 15 Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip hödürläp, suwuklyk akmasy zerarly hapa bolan adamy Ýehowanyň huzurynda günäden arassalasyn. 
 
-