16 Musanyň gaýynatasynyň+ neslinden kenler+ ýahudalar bilen palma agaçly şäherden*+ çykyp, Aratyň+ günortasyndaky Ýahudanyň çölüne gitdiler. Olar ýerli halkyň arasynda ornaşdylar+.
11 Kenlerden+ Heber doganlaryndan we Musanyň gaýynatasy Hobabyň+ ogullaryndan aýry ýaşady. Ol çadyryny Kedeşde ýerleşýän Sawananimdäki uly agajyň golaýynda gurdy.
6 Ol kenlere+: «Amalekler bilen heläk bolmaz ýaly, olaryň ýanyndan aýrylyň+. Ysraýyl halky Müsürden çykyp gelýärkä, siz olara ýagşylyk edipdiňiz*»+ diýdi. Olaram amalekleriň ýanyndan aýryldy.