- 
	                        
            
            5 Musa 2:30—35Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        30 Emma Heşbon hany Sihon ýurdundan geçmäge rugsat bermedi. Ýehowa Hudaý Sihony doňýürek we boýnuýogyn edip+, eliňize berdi. Muňa özüňizem şaýatsyňyz+. 31 Ýehowa maňa: „Sihony we ýurduny eliňize berýärin. Gidiň-de, ýurdy basyp alyň“+ diýdi. 32 Sihon goşuny bilen gelip, Ýahazda üstümize hüjüm etdi+. 33 Ýöne Ýehowa Hudaýymyz Sihony elimize berdi. Biz Sihony, ogullaryny we tutuş goşunyny boýun egdirdik. 34 Ähli şäherlerini basyp alyp, ýer bilen ýegsan etdik. Aýal-erkek, çaga diýmän, hemmesini gyrdyk, birini-de diri galdyrmadyk+. 35 Diňe mal-garalary we şäherlerden oljalarymyzy alyp gaýtdyk. 
 
-