-
4 Musa 16:39, 40Mukaddes Kitap
-
-
39 Algazar ruhany otdan ölen adamlaryň mis külatarlaryny ýenjip, gurbanlyk ojagynyň daşyny ýapmak üçin gapak ýasady. 40 Ol Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly etdi. Gapaklar ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk keseki adamyň Ýehowanyň huzurynda tütetgi ýakmaly däldigini ýatlatmalydy+. Hiç kim Karun bilen tarapdarlary ýaly bolmaly däldi+.
-
-
2 Taryh 26:18Mukaddes Kitap
-
-
18 Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp: «Uzyýa, seniň Ýehowa tütetgi ýakmaga hakyň ýok+. Tütetgini diňe Harunyň neslinden ruhanylar ýakmaly+, Hudaý olary mukaddes etdi. Häziriň özünde mukaddes otagdan çyk, sen Hudaýa biwepalyk etdiň, eden etmişiň üçin, Ýehowa Hudaýyň saňa beren hormatyndan mahrum bolarsyň» diýdiler.
-