33 Musa amor halkynyň hany Sihonyň+, Başan hany Oguň+ ýurduny şäherleri we daş-töweregindäki ýerleri bilen gadlara, rubenlere+ hem-de Ýusubyň ogly Manaşanyň taýpasynyň ýarysyna+ berdi.
7 Ahyrsoňy şu ýere geldiňiz. Şonda Heşbon hany Sihon+ bilen Başan hany Og+ üstümize hüjüm etdi, emma olary derbi-dagyn etdik+. 8 Olaryň ýurduny basyp alyp, rubenlere, gadlara we manaşa taýpasynyň ýarysyna mülk edip berdik+.
29 Soňra Musa manaşa taýpasynyň ýarysyna tirelerine görä mülk paýlady+. 30 Olara berlen ýerler: Mahanaýymdan+ başlap, tutuş Başan, Başan hany Oguň golastyndaky ýerler, Başanda ýerleşýän Ýaýyr+ obalary* we 60 gala.