18 Ýehowa Musa: «Ynha, Nunuň ogly Ýuşa başarjaň adam, onuň başyna eliňi goý+. 19 Ýuşany Algazar ruhanynyň we tutuş jemagatyň öňüne eltip, halka baştutan belle+. 20 Bütin ysraýyl halky Ýuşa+ gulak asar ýaly, oňa öz ygtyýaryňdan* ber+.
7 Soňra Musa Ýuşany çagyryp, halkyň öňünde oňa şeýle diýdi: «Batyrgaý hem dogumly bol+, halky Ýehowanyň ata-babalaryna wada beren* ýurduna sen eltersiň. Ýurdy olara mülk edip berersiň+.