- 
	                        
            
            1 Patyşalar 4:34Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        34 Bütin ýer ýüzündäki halklar we patyşalar Süleýmanyň akyldarlygy barada eşidip, dana sözlerini diňlemäge gelerdiler+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            1 Patyşalar 10:4—7Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        4 Şebanyň şa aýaly Süleýmanyň akyldarlygyny+, guran köşgüni+, 5 saçagyndaky näz-nygmatlaryny+, emeldarlarynyň saçak başynda oturyşyny, hyzmatkärleriniň hyzmat edişini, olaryň egin-eşigini, patyşanyň şerapçylaryny we Ýehowanyň öýünde yzygiderli berýän ýakma gurbanlyklaryny görüp, agzyny açdy. 6 Şonda ol patyşa ýüzlenip: «Seniň gazanan üstünlikleriň*, akyldarlygyň hakda öz ýurdumda eşidenlerim dogry eken. 7 Ýöne gelip, gözüm bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Görüp otursam, maňa ýarysyny-da aýtmandyrlar! Akyldarlygyň, baýlygyň eşidişimden has artyk eken. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Danyýar 1:19, 20Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        19 Patyşa ýigitler bilen gepleşip gördi. Olaryň arasyndan Danyýara, Hananýa, Mişaýyla we Azarýa+ taý geljek tapylmady. Şonuň üçin olary patyşa hyzmat etmäge bellediler. 20 Patyşa olardan akyldarlygy we düşünjäni talap edýän meseleler hakda sorady. Olaryň patyşalygyndaky ähli jadygöýlerden* we palçylardan*+ on esse artyk gelýändigini gördi. 
 
-