-
2 Taryh 9:3—8Mukaddes Kitap
-
-
3 Şebanyň şa aýaly Süleýmanyň akyldarlygyny+, guran köşgüni+, 4 saçagyndaky näz-nygmatlaryny+, emeldarlarynyň saçak başynda oturyşyny, hyzmatkärleriniň hyzmat edişini, olaryň egin-eşigini, patyşanyň şerapçylaryny, olaryň egin-eşigini, Ýehowanyň öýünde yzygiderli berýän ýakma gurbanlyklaryny+ görüp, agzyny açdy. 5 Şonda ol patyşa ýüzlenip: «Seniň gazanan üstünlikleriň*, akyldarlygyň hakda öz ýurdumda eşidenlerim dogry eken. 6 Ýöne gelip, gözüm bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym+. Görüp otursam, maňa ýarysyny-da aýtmandyrlar! Deňsiz-taýsyz akyldarlygyň+ eşidişimden has artyk eken+. 7 Seniň parasatly sözleriňi diňleýän halkyň we huzuryňdaky hyzmatkärleriň nähili bagtly! 8 Seni mynasyp görüp, Ýehowanyň patyşasy hökmünde tagta çykaran Ýehowa Hudaýyňa şöhrat bolsun! Hudaýyň Ysraýyla söýgüsi+ ebedi dowam eder ýaly, ol adalatly we dogruçyl höküm sürersiň diýip, seni halkyna patyşa belledi» diýdi.
-