-
1 Patyşalar 10:4—9Mukaddes Kitap
-
-
4 Şebanyň şa aýaly Süleýmanyň akyldarlygyny+, guran köşgüni+, 5 saçagyndaky näz-nygmatlaryny+, emeldarlarynyň saçak başynda oturyşyny, hyzmatkärleriniň hyzmat edişini, olaryň egin-eşigini, patyşanyň şerapçylaryny we Ýehowanyň öýünde yzygiderli berýän ýakma gurbanlyklaryny görüp, agzyny açdy. 6 Şonda ol patyşa ýüzlenip: «Seniň gazanan üstünlikleriň*, akyldarlygyň hakda öz ýurdumda eşidenlerim dogry eken. 7 Ýöne gelip, gözüm bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Görüp otursam, maňa ýarysyny-da aýtmandyrlar! Akyldarlygyň, baýlygyň eşidişimden has artyk eken. 8 Seniň parasatly sözleriňi diňleýän halkyň we huzuryňdaky hyzmatkärleriň nähili bagtly!+ 9 Seni mynasyp görüp, Ysraýyl tagtyna çykaran Ýehowa Hudaýyňa şöhrat bolsun!+ Ýehowanyň Ysraýyla söýgüsi ebedidir. Adalatly we dogruçyl höküm sürersiň diýip, ol seni halkyna patyşa belledi» diýdi.
-