8 Aşak inip*, halkymy müsürlileriň elinden halas ederin+. Olary Müsürden çykaryp, mes toprakly hem giň, süýt bilen bal akýan ýurda+, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň+ ýurduna äkiderin.
11 Emma miras aljak ýurduňyzda daglar we jülgeler bardyr+, topragy ýagyş suwarýandyr+. 12 Ýurda Ýehowa Hudaýyňyz gözegçilik edýändir. Ýylyň başyndan aýagyna çenli Ýehowa Hudaýyňyz ýurdy ünsden düşürýän däldir.