- 
	                        
            
            4 Musa 13:23—27Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        23 Eşkol jülgesine+ ýetenlerinde, bir salkym üzümi şahasy bilen kesip aldylar. Üzümi taýakdan asyp, iki adam bolup göterdiler. Nar bilen injir hem alyp gaýtdylar+. 24 Üzüm salkymy alnan ýere Eşkol* jülgesi+ diýdiler. 25 Olar ýurdy gözden geçirip, 40 günden+ yzlaryna geldiler. 26 Paran çölündäki Kadeşe+ Musanyň, Harunyň we ysraýyl halkynyň ýanyna geldiler. Gören-eşidenlerini halka gürrüň berip, getiren ir-iýmişlerini görkezdiler. 27 Olar Musa: «Iberen ýurduňa aýlandyk. Dogrudanam, süýt bilen bal akýan ýurt+ eken. Ine miwelerini hem getirdik+. 
 
-