-
5 Musa 28:23Mukaddes Kitap
-
-
23 Depäňizdäki asman mise, aýagyňyzyň astyndaky toprak demre döner+.
-
-
1 Patyşalar 8:35, 36Mukaddes Kitap
-
-
35 Olar saňa garşy günä edeni+ üçin gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly+, öýüňe seredip doga etseler, adyňy şöhratlandyrsalar, beren temmiňi kabul edip*, günälerine toba etseler+, 36 olary gökden eşit-de, gullaryň, ysraýyl halkyň günäsini geç. Olara öwüt-nesihat berip+, dogry ýola sal, ýöremeli ýoluny görkez, mülk edip beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr+.
-
-
2 Taryh 7:13, 14Mukaddes Kitap
-
-
13 Ýagmyr ýagmaz ýaly gökleri baglanymda, ekinleri ýalmap-ýuwudar ýaly çekirtge ýagdyranymda ýa-da halkymy mergi keseline duçar edenimde, 14 adymy göterýän halkym+ toba edip*+, maňa doga etse, meni agtaryp, erbet ýolundan dänse+, gökden olary eşidip, günäsini geçerin, topragy ýene-de hasylly ederin+.
-