19 Süriňizdäki ilkinji doglan erkek mallary Ýehowa Hudaýyňyza bagyş ediň+. Ilkinji doglan göläni iş üçin ulanmaň, ilkinji doglan owlak-guzularyň ýüňüni gyrkmaň. 20 Olary her ýyl maşgalaňyz bilen Ýehowanyň saýlan ýerinde, Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda iýiň+.